Aşgabatdaky Eleven restorany paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny agşamlygy täsirli geçirmäge çagyrýar

Aşgabatdaky Eleven restorany paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny agşamlygy täsirli geçirmäge çagyrýar

Eleven — bu çagalaryň bilen wagt geçirmek, romantik agşamlygy guramak ýa-da dostlaryň bilen duşuşmak üçin örän göwnejaý ýer. Restoran üç gatdan ybarat bolup, onuň her zaly özboluşly original bezege we dizaýna eýedir.

Binanyň birinji gatynda oňaýly kofehana bar. Bu ýerde bir käse hoşboý ysly kofe ýa-da çaý içip hem-de süýjüliklerden lezzet alyp, dostlaryňyz bilen söhbet edip bilersiňiz. Körpeje myhmanlar üçin bolsa Eleven-de ene-atalary dynç alýan mahaly hezil edip göwün açmaga niýetlenen oýunlar otagy göz öňüne tutulandyr.

Ikinji gatda Gündogaryň atmosferasy höküm sürýär. Bu ýerde Eleven-iň tagamnamasynda Gündogar aşhanasynyň däbe öwrülen usullarda taýýarlanylan datly naharlary bar.

Restoranyň üçünji gatynda bolsa eýwanly agşamlyk dynç alyş zolagy ýerleşýär. Bu zolakda myhmanlar janly aýdym-sazlardan, Ýewropanyň tagamlaryndan we Aşgabadyň agşamky ajaýyp görnüşinden lezzet alyp bilerler. Şeýle hem üçünji gatda karaoke meýdançasy hem-de giň tans meýdançasy bardyr.

Eleven restoranynyň hünärmenleri bu ýere bir gezek gelen adamyň gaýta-gaýta gelmek isleýändigini ynam bilen belleýärler.

Habarlaşmak üçin:

Ýene degişli makalalar

Solaris restorany: durmuşyňyzda täze gastronomik täsirleri açyň
Änew şäherindäki Ilatly restorany italýan aşhanasynyň muşdaklaryna garaşýar
Soltan Loft restorany: çagalar bilen rahat dynç alyş
Gül Zemin SDAM-daky Soltan restorany — maşgala dynç alşy üçin ajaýyp ýer
Expo City Dubai-da ilkinji türkmen restorany açyldy
Aşgabat gipermarketi amatly söwda etmäge çagyrýar