Aşgabat gipermarketi amatly söwda etmäge çagyrýar

Aşgabat gipermarketi amatly söwda etmäge çagyrýar

Türkmenistanyň iň uly söwda dükanlarynyň biri bolan Aşgabat gipermarketi paýtagtyň ýaşaýjylaryny hem-de myhmanlaryny söwda etmäge çagyrýar.

Bu ýerdäki giň söwda zallaryndan öý-hojalygyňyz üçin zerur bolan ter iýmitler, süýjülik tagamlary, öý harytlary, hojalyk tehnikalary, mebeller, egin-eşikler we aýakgaplar ýaly ähli harytlary tapmak bolýar. Dükanda çagalar üçin niýetlenen assortimente hem uly ähmiýet berlip, çaga oýunjaklarynyň, täze dünýä inen çagalaryň önümleriniň dürli görnüşleri bar.

Myhmanlara oňaýly bolar ýaly, gipermarketiň çäginde çagalar meýdançasy hem ýerleşýär. Çagalar dürli oýunlara güýmenýän mahaly ene-atalar aýlanyp arkaýyn zerur zatlaryny satyn alyp bilýärler.

Gipermarket dürli hili arzanladylan satuwlary hem-de aksiýa çärelerini yzygiderli geçirýär.Bu ýerde 350 manatlyk ýa-da şondan köp möçberde haryt satyn alan müşderilere takside öýlerine çenli tölegsiz alyp gitmek hyzmaty ýetirilýär.

Mundan başga-da, 500 manatlyk we şondan köp möçberde söwda eden raýatlar üçin öýlerinden gipermarkete alyp gelip, soň bolsa yzyna alyp gitmek hyzmaty tölegsiz ýerine ýetirilýär.Bu hyzmatlar diňe Aşgabat şäheriniň çägine amala aşyrylýar.

Hyzmaty görkezilen telefon belgisi arkaly sargyt edip bilersiňiz: (+993 65) 81 22 92.

Aşgabat gipermarketiniň çäginde şeýle-de 2 gatly göwnejaý adybir restoran ýerleşip, bu ýerde müşderilere ýewropa, türk hem-de ýapon aşhanasynyň dürli görnüşli naharlary hödürlenýär.Restoranyň birinji gatynda karaoke zaly bar.

Onda dost-ýarlaryň ýa-da maşgalaň bilen söýgüli aýdymlaryňy aýdyp, wagtyňy hoş geçirip bolýar.Ikinji gatda bolsa wagtyňy rahat geçirmäge, ýa bolmasa-da söwda edeniňden soň dynç almaga niýetlenen terrasa ýerleşýär.

Gipermarkete Aşgabat SDAM-yň B blogunyň 0-njy gatyndan, her gün sagat 8:00-dan 23:00-a çenli baryp bilersiňiz. Şeýle hem gipermarketden Google Play we AppStore internet dükanlaryndaky mobil goşundylar arkaly onlaýn söwda etmek elýeterlidir.

Fotoreportaž: "Aşgabat" - Türkmenistanda iň iri gipermarket

Ýene degişli makalalar

Aşgabat gipermarketinde söwda edip başlamagyň esasy 5 sebäbi
Soltan restoranlary mangalda etden taýýarlanýan tagamlaryň köp görnüşlerini hödürleýär
Aşgabatdaky Soltan Open Air restorany tomsuň yssy howasynda dynç almak üçin iň gowy mümkinçilik
Aşgabatdaky Soltan restoranlar zynjyry restoran işine döwrebap garaýyş
Aşgabatda ogurlyklar ýygy-ýygydan ýüze çykýar
Awazadaky myhmanhana işgärleri syýahatçylaryň azlygyndan alada edýärler