Syýahat komitetiniň başlygyna “Türkmensyýahatyň” maliýe hasabatyndan soň käýinç berildi

12-nji aprelde, hökümetiň işleriniň 2019-njy ýylyň birinji çärýeginde bitirilen işleriň jemlerine bagylşlanyp geçirilen mejlisde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewiň “Türkmensyýahat” döwlet syýahatçylyk kompaniýasynyň maliýe görkezijileri barada hasabat bereninden soň, syýahatçylyk boýunça döwlet komitetiniň başlygy Serdar Çolukowa käýinç yglan etdi.

Türkmensyýahat döwlet kärhanasynyň işi göwnejaý derejede alnyp barylmaýar” diýip, TDH prezidentiň sözlerine salgylanýar.

Prezident Berdimuhamedow wise-premýer Goçmyrat Myradowa bu ýagdaýy düzetmek üçin gyssagly çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ýatladýarys, prezident Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň noýabrynda Çolukowdan Türkmenistana has köp syýahatçy çekmegi we saglyk we ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmegi talap edipdi. Şondan iki hepde soň medeniýet we metbugat boýunça wise-premýer Bahargül Abdyýewa Türkmenistanda ykdysadyýeti sanlaşdyrmak programmasynyň çäginde “sanly syýahatçylygyň” ösdürilip başlanandygy hakynda hasabat berdi.

Orsýetiň syýahat operatorlarynyň biri 2019-njy ýylyň martynda Türkmenistandan syýahat wizasyny almagyň kynçylyklary hakynda gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda 60 ýaşdan kiçi adamlary Türkmenistana goýbermezlik hakynda dilden berlen görkezme bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenler Türkmenistandaky hossarlary bilen aýraçylygyň aradan aýrylmagyny isleýärler
Prezident syýahatçy köpelsin diýýär, TSTB güýçlenýär, kenarda aýallara 'açyk' geýinmek gadagan edilýär
Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna “Dowzah derwezesine” barmak gadagan edildi
Prezident bilen birlikde Türkmenabada uçan ýaş çatynjalaryň garyndaşlary uçara dress-barlagdan geçip bilmediler