Prezident: "Biziň müňlerçe ýyl dowam edýän şöhratly taryhymyzda diňe adalat we rehim-şepagat bar"

Prezident: "Biziň müňlerçe ýyl dowam edýän şöhratly taryhymyzda diňe adalat we rehim-şepagat bar"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Prezident köşgünde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň halka ýüzlenip çykyş etdi.

Erdogan çykyşynda Ysraýylyň hökümetini tankytlap: "Biz taryhy we wyždany bilen beýik milletiň agzalarydyrys. Asyrlarboýy biz ýykylanlaryň elinden tutduk, kynçylyk çekýänlere kömek etdik. Biz ýurdumyza sygynýanlara gapylarymyzy açdyk" diýip belledi.

Prezident Erdogan: “Esasan çagalardan we zenanlardan ybarat 75 müň bigünä gazalylynyň gany bolan bu jenaýatçy ulgamyň ýurdumyza garşy atýan töhmetlerine çynlakaý çemeleşmeýäris.Biziň taryhymyzda genosid, gyrgynçylyk, zalymlyk ýa-da kolonializm ýok.

Biziň müňlerçe ýyl dowam edýän şöhratly taryhymyzda diňe adalat we rehim-şepagat bar.Dinine, gelip çykyşyna ýa-da şahsyýetine garamazdan, ezilenleriň ählisine kömek bereris.Inkwizisiýadan we nasistleriň sütemlerinden gaçýanlara gaçybatalga bermegiň mertebesi bar.

Tagtymy bererin, täjimi bererin emma döwletime sygynan adamlary bermerin diýen gahryman ata-babalarymyzyň abraýly çemeleşmesi bardyr.Türkiyä we türk halkyna Gazadaky wagşyçylyklaryny gizlemek üçin töhmet atýanlar, taryhyna seretseň muny has gowy bilerler" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdoganyň “15-nji iýul: Türkiye Asyrynyň Garaşsyzlyk Jarnamasy” atly makalasy
NATO-nyň sammitinden öň Türkiyäniň paýtagty Ankarada täze howa menzili açyldy
Fidandan Lawrowa Ormuz bogazy bilen bagly ýüzlenme: "Howpsuz we üznüksiz geçiş möhümdir"
Daşary işler ministri Hakan Fidan Wladimir Putin bilen Kazanda duşuşdy
NATO-nyň Parlament Sammiti Stambulda geçiriler
Burhanettin Duran: Gazada başdan geçirilýänler biziň ýadymyzda galar