Prezident Erdogan "CNN International" kanalyna beýannama berdi

Prezident Erdogan "CNN International" kanalyna beýannama berdi

CNN International telewideniýe kanalynda Bekki Andersonyň soraglaryna jogap beren Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Günbataryň Ukraina oňşuksyzlygy meselesinde Russiýa garşy çemeleşmesine goşulmaýandygyny we bu babatda "Günbataryň esasan hem meçew bermä esaslanýan syýasat alyp barýandygy" baradaky sözleri ýatladylyp, "Ukraina giň gerimli harby we maliýe kömekleriniň ugradylmagy meçew berme manysyny aňladýarmy?

Günbatar bu ýerde ýalňyş zat edýärmi" soragyna: "Häzirki wagtda Günbatar bu nokatda deňagramly bir çemeleşme eýelemedi. Ýagny Russiýa ýaly bir ýurda has deňagramly bir çemeleşme has takyk bolup bilerdi. Ýagny men Russiýanyň Döwlet baştutany hormatly Wladimir Putin bilen bu gatnaşygymy nähili özgerden bolsam ýa-da häzirki wagtda nahili gatnaşyk edýän bolsam Günbatar hem şolar ýaly edip bilerdi.

Sebäbi dünýäde biri-birimize mätäçligimiz bar. Ýagny men Günbataryň islendik bir ýurdy bilen nähili gatnaşygym bar bolsa, bu nokatda hormatly Putin bilen hem şolar ýaly görnüşde gatnaşygym bar. Şol ýaly görnüşde, Gara deňiz Galla koridorynda biz diňe bir Günbataryň däl, eýsem Afrika ýurtlarynyň hem isleglerini kanagatlandyrjak ýagdaýa geldik.

Ine häzirki wagtda galla tapgyrynyň möhledini 18-nji maýdan başlap, ýene-de 2 aý uzatdyk.Nähili amala aşyryldy şol iş?Hormatly Putin bilen bolan gatnaşyklarymyzyň saýasynda boldy" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

2-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Günorta Karolinanyň häkimiýetleri gaçak geçiniň eýesini tapanoklar
Ýaý atyjy açar sokulýan deşikden ýedi peýkam geçirdi
Ýaý atyjy gapynyň gulpundan ýedi peýkam geçirdi
Kristiano Ronaldonyň täze kluby belli boldy
“Interden” soň “Milan” hem soňky minutlarda ýeňşi elden giderdi
Ýylyň garaşylýan filmleri