Kristiano Ronaldonyň täze kluby belli boldy

Ispaniýanyň meşhur sport neşiri “Marca” gazetiniň habar bermegine görä, häzirki wagtda klubsuz bolan portugaliýaly super ýyldyz Kristiano Ronaldonyň täze kluby belli boldy.Gazetiň habar bermegine görä, 37 ýaşyndaky ýyldyz oýunçy ozaldan ady bilelikde agzalýan Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” kluby bilen şertnama baglaşdy.

Ronaldo arap kluby bilen 2,5 ýyllyk şertnama baglaşdy.Onuň her ýyl üçin 200, umumylykda 500 million ýewro aljakdygy habar bellenilýär. Şertnama 1-nji ýanwardan başlap güýje girer. “Al Nassr” klubunda Ronaldodan başga-da Dawid Ospina, Luiz Gustawo, Anderson Taliska, Wensen Abubakar ýaly meşhur futbolçylar çykyş edýär.

Ronaldonyň ady ABŞ-nyň “Inter Maýami”, “Los Anjeles FK”, “Los Anjeles Galaksi” ýaly klublary, şol sanda “Sporting” topary bilen hem agzalýardy.

Ýene degişli makalalar

Kolumbiýanyň Prezidenti hazynaly gämini deňziň düýbünden çykarmagy buýurdy
Kolumbiýanyň Prezidenti Gazany Hiroşima Meňzetdi
Çepçi dalaşgäriň ilkinji ýeňşi
Serdar Berdimuhamedow Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
Ikinji tapgyry geçiriler
Kolumbiýada Prezident saýlawlary geçirildi