Prezident Erdogan daşary ýurtly ilçilerden ynanç hatlaryny kabul etdi

Prezident Erdogan daşary ýurtly ilçilerden ynanç hatlaryny kabul etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Ruandanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Fidelis Ntampaka Mironkony, Gambiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Sering Nžieni we Nigeriýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ismail Ýusuf Abbany kabul etdi.

Paýtagt Ankara şäherindäki Prezidentiň kompleksindäki kabul edilşikde daşary ýurtly ilçiler Erdogana ynanç hatlaryny gowşurdylar.

Ilçileriň aýallaryny, çagalaryny we ilçihanalarynyň käbir agzalaryny Prezident Erdogan bilen tanyşdyranlaryndan soň, ýadygärlik surata düşüldi.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň çap eksporty 39 göterim artdy
"Efes-2022" harby türgenleşigi Prezident Erdoganyň gatnaşmagynda başlady
Prezident Erdogan gambiýaly kärdeşi Barrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammiti Gambiýada geçiriler
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti Gambiýada geçiriler