Prezident Erdogan, Gaza we Palestina Içgin Goldaw Berilmegi Üçin Çagyryş Etdi

Prezident Erdogan, Gaza we Palestina Içgin Goldaw Berilmegi Üçin Çagyryş Etdi

Prezident R. T. Erdogan 3-nji Antalýa Diplomatiýa forumynda eden çykyşynda Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza guraýan hüjümleri hakynda durup geçdi.

Gazada diňe çagalaryň, zenanlaryň we asuda ilatyň wagşylarça gyrgyna berilmeýändigini, şol bir wagtda halkara ulgama, adalata we hukuga bolan ynjanjyň hem ýok edilendigine ünsi çeken Erdogan “ Gazada başdan geçirilýän wakalar söweş däl eýsem gyrgynçylyk synanşygydyr. Sebäbi söweşiň hem belli bir çägi, ahlagy we hukugy bar” diýdi.

Halkara Adalat diwanynyň Ysraýylyň gyrgynçylygynyň öňüniň alynmagy baradaky kararyna garamazdan, Binýamin Netanýahunyň hökümetiniň basyp alyşlyk we gyrgynçylyk syýasatyny açyk aýdyň dowam etdirýändigine ünsi çeken Erdogan “Ysraýyla şertsiz goldaw berýän Günbatarly güýçler bolsa iki ýüzli syýasat alyp barýar.

Berlen wadalar iş ýüzüne geçirilmese Palestinadaky zulumyň öňüni almak we halkara ulgama bolan ynamy gaýtadan ýola goýmak mümkin däl.Halkara jemgyýetçiligi, palestina halkyna bolan bergisini diňe Palestina döwletiniň gurulmagy bilen tölär.

Munyň üçin bolsa 1967-nji ýyldaky serhetlere laýyklykda paýtagty Gündogar Ierusalim bolan garaşsyz we özygtyýarly Palestina döwleti gurulmaly. Şol maksada ýetilmegi üçin hemaýatkärligi hem öz içine aljak görnüşde jogapkärçilik almaga taýardygymyzy nygtadyk” diýdi.

Prezident Erdogan, halkara jemgyýetçiligine ýene-de bir gezek Gaza we Palestina içgin goldaw bermekleri üçin çagyryş etdi.

Ýene degişli makalalar

Gazada 7-nji Oktýabrdan Bäri Adamzat Taryhyň Iň Pajygaly Gyrgynçylygy Başdan Geçirilýär
Erdogan Stambulda Metbugat Işgärlerine Beýannama Berdi
Ysraýyl Rafahda Gyrgynçylyk Etmage Taýýarlyk Görýär
ABŞ-dan Ysraýyla Ok-däri Ugradylmagy Bes Edildi
Hamas: "Gepleşikler tamamlandy" diýdi
Prezident Erdogan ertir germaniýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirer