Prezident Erdogan Gwineýa-Bisauly kärdeşi Embalo bilen söhbetdeş boldy

Prezident Erdogan Gwineýa-Bisauly kärdeşi Embalo bilen söhbetdeş boldy

Telefon söhbetdeşliginde Türkiye-Gwineýa-Bisau gatnaşyklaryny özgretjek ädimler we sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Iki lider telefon söhbetdeşliginde söwda we ykdysady gatnaşyklar bilen birlikde harby we goranyş senagaty ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda ylalaşyga geldiler.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiyäniň Magaryf gaznasynyň Gwineýa-Bisauda gurjak mekdep üçin ýer aýrylyp berilmeginden hoşaldyklaryny habar berdi.

Prezident Erdogan Günbatar Afrika ýurtlarynyň Ykdysady jemgyýetiniň döwürleýin başlygy bolan Gwineýa-Bisaunyň Prezidenti Umaro Sissoko Embalonyň sebitde durnuklylygy we parahatçylygy ýola goýmak ugrunda alyp barýan işlerini takdyr edýändigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ MOSKWADA GEÇIRILJEK DABARALY HARBY ÝÖRIŞE GATNAŞMAGYNA GARAŞYLÝAR
Prezident Erdogan, Gwineýa-Bisaunyň Prezidenti Bilen Duşuşdy
Papua-Täze Gwineýada ýer titreme boldy
Awstraliýanyň Premýer ministri Kowid-19-a ýolukdy
140 ýyldan soňra peýda boldy
APEK-iň ýolbaşçylar ýygnagy geçirildi