Prezident Erdogan Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew bilen duşuşdy

Prezident Erdogan Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew bilen duşuşdy

Türk döwletleriň guramasynyň resmi bolmadyk liderler sammitine gatnaşmak üçin Gazagystanyň Türkistan şäherine giden Prezident R. T. Erdogan, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Metbugata ýapyk häsiýetinde geçen duşuşyga Daşary işler ministri Hakan Fidan hem gatnaşdy.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy, Prezident Erdoganyň Gazagystanyň Türkistan şäherginde geçirlen sammitiň çäginde özbek kärdeşi Mirziýoýew bilen özara duşuşyk geçirendigini habar berdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Mirziýoýew duşuşykda Türkiýe bilen Özbegistanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan duşuşykda Türkiýe bilen Özbegistanyň arasynda goranyş senagatynyň we söwda gatnaşyklarynyň başda durmagynda birnäçe ugurda edilýän hyzmatadşlygy pugtalandyrmak üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerini nygtady.

Prezident Erdogan kärdeşi Mirziýoýewi Türkiýede geçiriljek Türk döwletleri guramasynyň liderler sammitine we Halkara howa çalşygy sammitine çagyrdy.

Ýene degişli makalalar

Fidan: Erdogan bilen Trampyň arasyndaky ýakyn gatnaşyk NATO-da dartgynlygyň gowşamagyna sebäp bolar
Prezident Erdogan Albaniýanyň Premýer-ministri Rama bilen duşuşdy
Ministr Fidan Parižde geçiriljek Ukraina sammitine gatnaşar
Hakan Fidan TDG-nyň Daşary işler ministrleri geňeşiniň maslahatyna gatnaşar
ABŞ Türkiýä reaktiv uçaryň hereketlendirijisiniň satuw tapgyryny ýeňilleşdirýär
Prezident Rejep Taýyp Erdogan Liwan Respublikasynyň Prezidenti Jozef Oun bilen duşuşdy