Prezident Erdogan Rus Kärdeşi Putin Bilen Duşuşdy

Prezident Erdogan Rus Kärdeşi Putin Bilen Duşuşdy

BRICS-iň liderler sammitine gatnaşmak üçin Tatarystana giden Prezident R. T. Erdogan, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Kazan EXPO merkezinde bolan duşuşyk 1 sagat dowam etdi.

Liderler sammitine gatnaşmak üçin beren çakylygy üçin Wladimir Putine sagbolsun aýdan Prezident Erdogan, kärdeşi Putin bilen duşuşmakdan hoşaldygyny belledi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň 3+3 Sebitleýin hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin anna güni Stambulda saparda bolandygyny ýatladan Erdogan “Gadyrly dostum Putin sizi gysga wagtda Türkiýede görmek isleýärin”diýdi.

İki ýurduň arasynda bank tölegleri boýunça başdan geçirilýän kynçylygyň ortadan aýrylmagy üçin tagalla edýändiklerini aýdan Erdogan, “Bu mesele boýunça Gazna we maliýe ministrliklerimiz we merkezi banklarymyz ýakyndan aragatnaşyk saklaýar. Söwda ministrliklerimiziň arasynda hem degişli gepleşikler başlady” diýdi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putin hem duşuşykda, Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak ýyllardan bäri ýaranlyk-hyzmatdaşlyk esasynda pugtlanmak bilen dowam edýändigini nygtady.

Putin, “Syýahatçylyk pudagy özara gatnaşyklarymyzda esasy orun eýeleýär. 2023-nji ýylda 6,3 million rus raýaty Türkiýede dynç aldy. Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Türkiýede dynç alan rus raýatlarynyň sany 4,6 göterim artyp 4,5 million adama ýetdi. Bu görkezijiler görä, Russiýa, Türkiýä iň syýahatçy ugradýan ýurtlaryň hatarynda birinji orny eýeleýär” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNA SAPARY TAMAMLANDY
Prezident Erdogan Al Nahaýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Prezident Erdogan telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI “RUSSIÝA YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM 2025” XVI HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISINDE ŞU ÝYLYŇ ÝANWAR-APREL AÝLARYNDA DIM TARAPYNDAN AMALA AŞYRYLAN IŞLERINIŇ NETIJELERI BARADA HASABAT BERILDI
Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Kazanda geçiriljek Russiýa Yslam dünýäsi: KazanForum atly halkara ykdysady foruma gatnaşar
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kazanda geçiriljek foruma, sergilere gatnaşar