Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisindäki (TBMM) maslahatynda çykyş etdi.
Çykyşynda eser we hyzmat syýasatynyň üstünde durup geçen Prezident Erdogan, Gara deňizde täze gorlar bilen bilelikde tebigy gaz ätiýaçlaryny 710 milliard kub metre ýetirendiklerini, tebigy gazyň ilkinji tapgyryny mart aýynyň ahyrynda işe girizjekdiklerini habar berdi.
Prezident Erdogan Adanadaky we Jizredäki soňky gorlar bilen bilelikde nebit önümçiligini hem artdyrandyklaryny mälim etdi.
Eelektrik tokda işleýän awtoulag TOGG-yň fabriginiň gurulmagyny ýola goýup, ýerli taslamany durmuşa geçirendiklerini aýdan Prezident Erdogan, daşky gurşaw we şäherçilikde dünýäniň iň uly köpçülikleýin ýaşaýyş jaý taslamalarynyň biri bolan kampaniýany başladandyklaryny beýan etdi.
Perzident Erdogan raýatlary ykdysady taýdan arkaýynlaşdyrjak ädimler edýändiklerini, mundan soň hem etmäge dowam etjekdiklerini aýan etdi.
Prezident Erdogan goranmak senagatynda özgerden raketalarynyň, uçarmansyz howa ulaglarynyň we uçarmansyz harby uçar Gyzylalmanyň dünýäde giň seslenme döredendigini mälim etdi.
Maýa goýumlar bilen, täze iş orunlary bilen, eksportlar bilen Türkiyäni ösdürmäge dowam etjekdiklerini aýdan Prezident Erdogan: "Demokratiýamyzy güýçlendireris, ezilenleriň sesi, hakyny alyp bilmeýänleriň umydy bolan ýurdumyzy ösdürmäge dowam ederis. Türkiye Asyrynyň gurluşygyny millet bilen bilelikde amala aşyrarys" diýip habar berdi.
