Prezident etrap ýolbaşçylaryny agrosenagat toplumynda “üstünlik gazanmandyklary üçin” wezipelerinden boşatdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji ýanwarda geçiren maslahatynda bir topar etrap ýolbaşçysyny tankytlady we wezipesinden boşatdy.

TDH-nyň Türkmenistanyň prezidentiniň sözlerine salgylanyp habar bermegine görä, “geçen ýylda käbir etraplaryň ýolbaşçylary ýaramaz işledi, olar Oba milli maksatnamasy boýunça tabşyryklary ýerine ýetirip bilmedi, oba hojalyk önümlerini öndürmekde hem üstünlik gazanmagy başarmandy, şeýle hem başga köp kemçiliklere ýol berdi”.

Şunuň bilen baglylykda, prezidentiň karary esasynda:

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynyň häkimi bolup işlän Serdar Meredow welaýtyň S.Türkmenbaşy etrabynyň häkimniň wezipesine bellenildi, ozalky häkim Baýram Gyjyjow işde goýnberen kemçilikleri üçin wedzipesinden boşadyldy;

Durdymuhammet Myradow Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň häkimi wezipesine bellendi;

Bagtyýar Hudaýnazarow Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň häkimi wezipesimnwe bellendi. Ozalky häkim Şöhrat Annamyradow başga işe geçýändigi üçin wezipesinden boşadyldy.

Rahman Annaorazow Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellendi;

Arslan Orazmämmedow öz işini oňarmandygy üçin Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy;

Baýramdurdyýew Begenç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadylyp, onuň ýerine Baýrammyrat Gurbanow bellenildi;

Ahal welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasarynyň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary Akgül Toporowanyň üstüne ýüklenildi.

Täçmämmet Erepow Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi, ozalky orunabsar Wezirow Rahman işde goýberen kemçilikleri üçin wezipesinden boşadyldy;

Tahyrgylyç Mämmedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary, Halatberdi Allaberdiýew Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipelerine bellenildi;

Sapargeldi Orunbaýew Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi, ozalky orunbasar Ýazly Saparow işde goýberen kemçilikleri üçin wezipesinden boşadyldy.

Gurbangül Ataýewa başga işe geçmegi sebäpli, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Maýagul Nurmyradowa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Maral Durdyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.

Ýene degişli makalalar

21.01.2019 | Resmi habarlar
Resmi habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany