Fransiýanyň PSŽ topary 2025-nji ýyl tamamlanmanka ýene bir kuboga mynasyp boldy.Parižliler FIFA Yklymlararasy Kubogy ýaryşynyň finalynda Braziliýanyň “Flamengo” topary bilen duşuşdy.Kataryň Al-Raýýan şäherindäki Ahmad bin Aliniň adyny göterýän stadionda oýnalan finala 42 150 janköýeriň tomaşa edip, duşuşygyň esasy wagtynda ýeňiş gazanan bolmady.
Duşuşygyň 38-nji minutynda Hwiça Kwaraheliýanyň goly bilen PSŽ öňe saýlandy.Brazil kluby 62-nji minutda öň “Çelsidir” “Arsenalda” oýnan Žoržinio 11 metrlik jerime urgusyny dürs urup, hasaby deňledi.
Oýnuň esasy hem-de goşmaça wagtynda hasap üýtgemedi.Oýundan soň ýeňijini 11 metrlik jerime urgulary kesgitläp, PSŽ-niň russiýaly derwezeçisi Matweý Safonow erjellik görkezmegi başardy.Bu urgularda 2-1 hasabynda üstün çykan PSŽ-niň derwezeçisi yzly-yzyna 4 urgyny saklap, toparynyň ýeňşine saldamly goşant goşdy.
PSŽ-de Witinýa bilen Nunu Mendeşiň, “Flamengoda” bolsa De la Kruzuň urgusy takyk boldy.
Şunlukda, PSŽ topary 2025-nji ýyldaky 6-njy kubogyny asmana göterip, taryhy başarnyk görkezdi.PSŽ topary “Barselonadyr” (2009) “Bawariýadan” (2020) soň bir ýyly 6 kubok bilen tamamlan 3-nji klub hökmünde hasaba alyndy. “Pari Sen-Žermen” topary şu ýylda Fransiýanyň çäginde “Ligue 1”-iň çempionlygyny, Fransiýanyň Kubogyny, ýylyň başynda-da Fransiýanyň Super Kubogyny gazandy.
Halkara ýaryşlarda UEFA Çempionlar Ligasynyň, UEFA Super Kubogynyň hem-de FIFA Yklymlararasy Kubogyň ýeňijisi boldy.
PSŽ-li Witinýa duşuşygyň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy.
Bu ýaryş täzeçe formatda 2-nji gezek geçirilip, PSŽ topary “Real Madridden” soň çempionlyk gazanan 2-nji topar hökmünde bellige alyndy. Ähli yklymyň çempionlarynyň gatnaşýan ýaryşynda UEFA-nyň wekili gönümel finala çyksa, Libertadores Kubogynyň ýeňijisi finala çenli 2 duşuşyk geçirmeli bolýar. Ýaryş sentýabr aýynda başlap, dekabr aýynda-da tamamlanýar.
