Putin: "Russiýany Ukrainada ýeňmek mümkin däl" diýdi

Putin: "Russiýany Ukrainada ýeňmek mümkin däl" diýdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Fox News telewideniýe kanalynyň alyp baryjysy Taker Karlsona paýtagt Moskwada beren beýanatynda, ABŞ-na, Ýewropa Bileleşigine we NATO ýüzlenip, Russiýany Ukraina bilen arasyndaky uruşda ýeňmegiň Günbatar üçin mümkin däldigine göz ýetirmelidiklerini habar berdi.

Rus lider: "Häzirki wagta çenli söweş meýdanynda Russiýany strategiki ýeňlişe sezewar etmek ugrunda goh-galmagallar we gykylyklar bardy. Emma indi bolsa aslynda onuň hötdesinden gelmegiň, eger mümkin hem bolsa, örän kyn boljakdygyna göz ýetirmäge başladylar. Meniň pikirimçe şeýle, mümkin däl" diýip belledi.

Putin 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy başladan uruşynda özüniň dogrydygyny taryhy sebäpler bilen düşündirmek bilen birlikde, resmi Waşingtona "Eger hakykatdanam urşy bes etmek isleseňiz, ýarag üpjünçiligini bes etmeli" diýip nygtady.

Ukrainadaky söweşiň ikinji ýylyna gabat gelen beýanatynda Putin Russiýa bilen Ukrainanyň "iru-giç" ylalaşyk gazanjakdygyny aýtdy we gepleşikler ýolunyň açykdygyny aýtdy.

Beýanatynda Ukraina bilen Russiýanyň arasynda Türkiýäniň araçylyk etmeginde Stambulda geçirilen parahatçylyk gepleşikleriniň ençeme üstünde gezek durup geçen Putin, Stambulda maslahatlaşylan ugurlar boýunça gazanylan ylalaşyklar durmuşa geçirilen bolsady, onda uruşyň eýýäm bir mahal tamamamlanyp biljekdigini, emma ABŞ başda bolmak bilen Günbatarly döwletleriň ýüz öwürmesi bilen Ukrainanyň yza ädim edendigini öňe sürdi.

Rus lider NATO-nyň 19990-njy ýyllaryň başyndan bäri alyp barýan giňelme tagallalaryndan biynjalyk bolýandygyny beýan etdi.

NATO-nyň giňelmegine zerurlygyň ýokdugyny aýdan Putin, ABŞ-nyň bu meselede beren wadasynda durmandygyny belläp: "NATO-nyň gündogara giňelmejekdigine söz beripdiňiz, emma ol 5 gezek bolup geçdi" diýip belledi.

Taker Karlsona beýanat beremgi kabul eden Wladimir Putin, 2019-njy ýyldan bäri Günbatar metbugatyna ilkinji gezek beýanat berdi.

Ýene degişli makalalar

“ABŞ-nyň Başda Durmagynda Hyzmatdaşlarymyzdan Ýarag Kömegine Garaşýarys”
Daşary Işler Ministri Hakan Fidan NATO-nyň Maslahatyna Gatnaşar
Hakan Fidan Belgiýa gitdi
Ukraina Goşmaça Goldawlar Gelýär
Makron Ukraina Goşun Ugradylyp Bilinjekdigini Beýan Etdi
Stoltenberg Ukraina Berilýän Goldawyň Artdyrylmagyny Isledi
Zelenskiý, Ysraýyl ýaly Ukrainany hem gorap boljakdygyny aýtdy