Putin Söweş Habarçylary Bilen Söhbetdeş Boldy

Putin Söweş Habarçylary Bilen Söhbetdeş Boldy

Resmi Kiýewiň 4-nji iýundan bäri uly göwrümli garşy hüjüme başlandyğyna ünsi çeken Putin; “Şol uly göwrümli hüjüm Wremewskiý çykgydynda, Şahtar we Zaporožýe taraplarynda başlady. Hüjüm strategik ätiýaçlaryň peýdalanylmagy bilen başladyldy. Häzirki wagtda-da dowam edýär. Duşman hiç ýerde üstünlik gazanyp bilmedi. Uly ýitgileri bar” diýdi.

Putin şol çaknyşyklarda rus goşunlarynyň 54 tankynyň, ukrain goşunlarynyň bolsa 160-dan gowrak tankynyn we 360 sowutly ulagynyň hatardan çykandygyna ünsi çekip, Kiýewiň hatardan çykan harby tehniki ulaglarynyň 25-30 göteriminiň ýurduň daşynda getirilendigini beýan etdi.

Kahowka bendiniň partladylmagy boýunça Ukrainany günäkärlän Putin, Russiýanyň bendiň partladylmagy bilen arabaglanşygynyň ýokdugyny, sebäbi partlamanyň netijelerinin Russiýanyň gözegçiligindäki ýerlerde şertleri agyrlaşdyrandygyny gürrüň berdi.

Wladimir Putin Ukraina serhedinde ýerleşýän Belgorod welaýatynda Ukraina tarapyndan sabbotaž toparlary, raketa we uçarmansyz howa ulaglary bilen guralýan hüjümleriň dowam edýändigine ünsi çekip, serhedi berkitmek üçin degişli çarelerin görülýändigini aýtdy.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin rus gallasynyň çykarylmagyna rugsat berilmeýän hem bolsa, Gara deňiz galla başlangyjy ylalaşygyna Ukrainanyň bähbitleri üçin däl, eýsem Afrikadaky we Latyn Amerikadaky dost ýurtlar üçin gol çekendiklerini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Ukrainanyň Harkow şäherine hüjüm gurady
Russiýa, Ukraina Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Russiýa: "Ukraina Belgoroda hüjüm gurady" diýdi
Putin Raisi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy
Ukrainanyň goşunynyň Zaparožýe sebitine hüjüm gurandygy bellendi
Rus Goşunlary Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ukrain diline terjime edilen ýygyndysy çap edildi