Ukrainanyň goşunynyň Zaparožýe sebitine hüjüm gurandygy bellendi

Ukrainanyň goşunynyň Zaparožýe sebitine hüjüm gurandygy bellendi

Zaparožýe sebitiniň gubernatory Ýewgeniý Balitskiý, Telegram hasabyndan beren beýanatynda, Ukrainanyň goşunynyň sebitdäki Tokmak şäherine köp nilli raketalar bilen hüjüm gurandygyny habar berdi.

Ýewgeniý Balitskiý hüjümiň netijesinde 10 adamyň ýogalandygyny, 13 adamyň ýaralanandygyny, 2 adamyň bolsa dereksiz ýitendigini beýan etdi.

Hüjümiň netijesinde 5 ýaşaýyş jaýynyň bölekleýin häsýetde ýumrulandygyny aýdan Ýewgeniý Balitskiý, wakanyň bolan ýerinde gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini mälim etdi.

Ukrainanyň Donetsk, Lugansk, Zaparožýe we Herson sebitleri Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň 2022-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda gol çeken kararnamasy bilen bikanun ýagdaýda anneksiýa edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Tunjelide PKK-nyň Gaçybatalgalary we Tälim Merkezleri Hatardan Çykaryldy
Türkmen howa ýollary ýanwar aýy üçin Aşgabatdan halkara gatnawlarynyň petek satuwyny ýola goýdy, Russiýa Türkmenistana 3600 sany Täze ýyl arçasyny iberdi, Aşgabat Alyýewiň we Ärdoganyň saparlaryna taýýarlanýar
Prezident Erdogan metbugat işgärlerine gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
G20-ligiň indiki sammitleri Hindistanda, Braziliýada we GAR-da geçer
Türkiýe G20-ä Goşant Goşmaga Dowam Eder
Balide G20-ligiň maslahaty dowam edýär