R.Meredow Gazagystanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

R.Meredow Gazagystanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleunyň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.

R.Meredow häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar strategik häsiýete eýe bolmak bilen, hil taýdan täze derejä çykandygy barada belledi. Taraplaryň umumy pikirine görä, döwletleriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde ýokary derejedäki duşuşyklary uly orna eýedir.

Gepleşiklerde döwletleriň köptaraplaýyn diplomatiýanyň ugry boýunça, hususan-da, BMG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, GDA ýaly halkara düzümleriň çäklerinde hem-de Merkezi Aziýa+ görnüşindäki köptaraplaýyn gepleşiklerde hyzmatdaşlygyň ýokary derejede ýola goýulanlygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, gazak tarapyna Türkmenistan tarapyndan öňe sürülen başlangyçlaryň goldanylandygy we BMG-niň çäklerinde kabul edilen kararnamalaryň awtordaşy hökmünde çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, parlamentara hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösüşine üns çekilip, taraplar öňümizdäki ýylda türkmen-gazak parlamentara dostluk toparynyň mejlisiniň geçirilmeginiň maksadalaýykdygyny nygtadylar.

Diplomatlar sebit we halkara gün-tertibi boýunça pikir alyşyp, taraplaryň bular baradaky pikirleriniň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini bellediler.

Ministrler iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň depginini artdyrmagy ylalaşdylar.

Şeýle hem Hazar deňziniň meseleleri boýunça şeýle-hem Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ugurlaryna aýratyn üns çekildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşe eýe bolýandygy bellemek bilen, taraplar bu ugurdaky tagallalary işjeňleşdirmegi we söwda dolanyşygynyň möçberleriniň hem-de harytlaryň görnüşleriniň artdyrylmagy boýunça bilelikdäki hereketleriň ýola goýulmagyny ylalaşdylar.

Bu babatda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky harytlaryň alyş-çalyş giňeltmek boýunça bilelikdäki toparyň işiniň we işewürlik ugry boýunça wekilýetleriň saparlarynyň guralmagy esasynda amala aşyrylmalydygy bellenildi.

Taraplar ýangyç-energetika toplumynda, nebit-gaz we himiýa senagatynda, dokma pudagynda, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda, sebitde suw serişdelerini rejeli ulanmakda, oba hojalygynda, ulag we logistikada, aragatnaşyk hem-de telekommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny hem-de mümkinçiliklerini kesgitlediler.

Syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläkde işjeňleşdirmek maksady bilen, gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ýyllyk syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi
Türkmenistan Awstriýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrýar
Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistan we Gazagystan Respublikasy strategik hyzmatdaşlygy berkitmegi maksat edinýärler
Aşgabatda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleri duşuşdylar
Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar