Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Gepleşiklerde Türkmenistanyň maýa goýum özüne çekijiligini gowulandyrmak maksady bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, halkara hyzmatdaşlygy we ÝTÖB bilen bilelikde öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly täze taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistan üçin 20192 2024-nji ýyllar boýunça ýurtlar strategiýasynda görkezilen ulag-logistika, maglumat tehnologiýasy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, howanyň üýtgemegi we milli eksporta gönükdirilen kompaniýalary goldamak boýunça meseleleriň toplumyna seretdiler.

M.Bouman hyzmatdaşlygyň ýola goýlan döwründen bäri hususy pudagy ösdürmekde, döwlet we hususy edaralaryň maliýe binýadyny berkitmekde hem-de sebitdäki ulag aragatnaşygyny pugtalandyrmakda köp işleriň amala aşyrylandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldamak üçin göni daşary ýurt maýa goýum serişdelerini çekmek boýunça işleri dowam etdirmäge taýýardygyny beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar
Aşgabatda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleri duşuşdylar
Türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi boýunça pikir alşyldy
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ýyllyk syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi
Ärdogan Bagdatda Yragyň Prezidenti bilen duşuşdy
15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal