15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Türkmenistanyň Prezidenti ÝTÖB-niň wise-prezidentini kabul etdi, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Ýerewanda türkmen aýdym-saz konserti geçirildi, Türkmenistanda Panamanyň täze ilçisi işe başlady we beýleki habarlar

Türkmenistanda 1.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumany kabul etdi.Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany Türkmenistanyň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda abraýly maliýe guramalary we banklar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ÝTÖB-niň wise-prezidentiniň Aşgabada şu saparynyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen meýilleşdirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. 2. Ýerewanda Gündogar edebiýatynyň görnükli nusgawy wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň sungat we medeniýet işgärleriniň konserti geçirildi.

Konsertde nusgawy we halk türkmen aýdym-sazlary ýaňlandy.Konserti Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow hem-de Ermenistanyň bilim, ylym, medeniýet we sport ministriniň orunbasary Artur Martirosýan açdy. 3.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Panama Respublikasynyň ilçisi Rolando Enrike Barrou Noaddan ynanç hatyny kabul etdi.Söhbetdeşligiň dowamynda Gulmanowa Panamanyň ilçisini Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Bu syýasatda dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri, şol sanda Latyn Amerikasy ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm orun berilýär. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň, türkmenistanlylaryň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişine üns çekildi. 4.

Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýa amala aşyran iş saparynyň dowamynda üç halkara resminamasyna gol çekdi. Şeýlelikde, 2024-2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň we Awstriýanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça maksatnama; Türkmenistanyň hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösüş Guramasynyň (UNIDO) arasynda esasy standart hyzmatdaşlyk ylalaşygy; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Graz Tehniki Uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi. 5.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryndan hatlar gelip gowuşdy.Daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlary gutlag hatlarynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna ýagşy arzuwlaryny beýan edýärler.

Dünýäde 6.Praganyň 10000-den gowrak ýaşaýjysy täze köçeleriň we seýilgähleriň adynyň Jon Tolkiniň Ýüzükleriň hökümdary atly fantastik eposynyň gahrymanlarynyň hormatyna atlandyrylmagyny talap edýän haýyşnama gol çekdi.Bu başlangyç şäheriň taryhy merkeziniň demirgazygyndaky Rohan adasynda gurulýan täze ýaşaýyş etrapçasyna degişlidir.

Adanyň ady Tolkiniň kitabyndaky şalygyň adyna gabat gelýär, bu bolsa şäher ilatyny şeýle pikire ruhlandyrdy.Praga şäheriniň häkimligi ozal meşhur filosoflaryň atlaryny köçeleriň atlarynda ebedileşdirmegi teklip edipdi, ýöne ýaşaýjylar täze etrapça üçin Ýüzükleriň hökümdary kitabynyň gahrymanlarynyň has simwolikidigine ynanýarlar. 7. Ýaponlar ofis üçin niýetlenen ellik-ýassygy tanyşdyrdylar.

Bu oýlap tapyş iş ýerinde rahat uklamaga ýardam bermek üçin döredildi.Toplumda ýassyk bilen birlikde ony ýanyň bilen göterer ýaly daşlygy hem bardyr. Ýaponiýada hünärmeniň iş ýerinde uklamagy adaty ýagdaý hökmünde kabul edilip, önjeýli işliň görkezijisi hasaplanýar.

Hatda bu hili ukynyň inemuri diýen öz ady hem bar.Sport habarlary 8.Gonkongyň Kiçti futbol toparynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow geljek hepde Türkmenistanyň milli ýygyndysyna goşulmak üçin ugrar.

Bu barada Turkmenportala türkmen toparynyň metbugat gullugy habar berdi. 17-nji martda Mingazow Gonkongyň çempionatynyň 12-nji tapgyryň çäklerindäki Şam Şuý Po topary bilen duşuşyga gatnaşar. Ýeri gelende bellesek, 12-nji martda Mergen Orazowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň milli ýygyndysy okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçmek üçin Dubaýa ugrady, bu ýerde Eýranyň toparyna garşy 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň saýlama oýunlaryna taýýarlyk başlandy. 14-nji martda Türkmenistan Gazagystan bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Oýun ýapyk tertipde geçirildi we Magomed Adiýewiň futbolçylary 2:0 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Ýene degişli makalalar

12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
20-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Mingazow milli ýygyndynyň martda geçirjek DÇ-2026 saýlama duşuşyklaryna gatnaşyp bilmez
Wepa Jumaýew näme üçin milli ýygynda çagyrylmady? Baş tälimçi jogap berdi
Gonkong neşiri Ruslan Mingazow bilen söhbetdeşligi çap etdi
Ruslan Mingazow näme üçin milli ýygynda çagyrylmady?