Raisi: Eýran bilen goňşularyň arasyndaky gatnaşyklarda Türkmenistanyň aýratyn orny bardyr

Raisi: Eýran bilen goňşularyň arasyndaky gatnaşyklarda Türkmenistanyň aýratyn orny bardyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Eýran Yslam Respublikasynyň ileri tutýan meselesi goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary giňeltmek we bu meselede Türkmenistanyň aýratyn orny bardyr diýdi.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy duşenbe güni beren beýanatynda Serdar Berdymuhamedowyň 12-nji martda geçirilen prezident saýlawynda 72,97% ses alyp, ýeňiş gazanandygyny aýtdy.

40 ýaşly Serdar Berdymuhamedow ozal Türkmenistanyň işinden aýrylan prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow tarapyndan bu ýurduň premýer-ministriniň orunbasary we ikinji wezipeli adam bellenipdi.

şu mynasibetli bu pursatdan peýdalanyp, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi sişenbe güni ýüzlenmesinde Serdar Berdymuhamedowy we Türkmenistanyň halkyny geçirilen prezident saýlawynda ýeňiş gazanmagy bilen gutlady we şeýle ýazdy: Siz Alyjenabyň täze iş möhletiňizde Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara derejesinde oňyn öser diýip umyt edýärin.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bu ýüzlenmesinde Eýran Yslam Respublikasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary giňeltmekdigini we bu meselede Türkmenistanyň aýratyn ornunyň bardygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýanyň Imperatoryna mähirli gutlaglar
Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Şa zenany Ýelizaweta II tagta geçmeginiň 70 ýyllygy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady
Serdar Berdimuhamedow Ispaniýanyň Patyşasyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady