Türkmenistanyň Prezidenti Şa zenany Ýelizaweta II tagta geçmeginiň 70 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Şa zenany Ýelizaweta II tagta geçmeginiň 70 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany Ýelizaweta II tagta geçmeginiň 70 ýyllygy Platina ýubileý baýramy hem-de doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly,

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýyl Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigine ünsi çekip, Onuň Alyjenabynyň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda hem-de işjeňleşdirilmegine aýratyn uly goşandyny belledi hem-de bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Şa zenany Ýelizaweta II berk jan saglyk we bagt, Patyşalygyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we ösüş baradaky tüýs ýürekden arzuwlaryny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
Serdar Berdimuhamedow Patyşa Karl III ejesi Ýelizaweta II aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
Beýik Britaniýada patyşa Karl III keşbi şekillendirilen täze pul çykarylar
Beýik Britaniýada täze şa şifri hödürlendi