Beýik Britaniýada täze şa şifri hödürlendi

Beýik Britaniýada täze şa şifri hödürlendi

Beýik Britaniýada şa aýaly Ýelizaweta II aradan çykandan we patyşa Karl III tagta geçenden soň täze şa şifri hödürlendi. Bu barada BBC ýaýlym korporasiýasy habar berdi diýip, regnum.ru belleýär.

Monogramma täze monarhyň adynyň we titulynyň baş harplary bolan C (Charles, Karl) we R-den (Rex patyşa, latynça), III rim sifrinden we altyn bilen bezelen Týudor täjiniň şekilinden ybarat. Şotlandiýanyň şifri gara reňkde ýerine ýetirilip, onda Şotlandiýa täji şekillendirilipdir.

Karl III täze milli şifri Beýik Britaniýanyň gerald palatasy tarapyndan teklip edilen on görnüşden saýlady.Keramatly Eduardyň täjiniň şekilini saýlan Ýelizaweta II-niň şifrinden tapawutlylykda, täze monarh Týudor täjinde saklanmak kararyna geldi.

Ondan öň bu täjiň şekilini şifrde Eduard VII, Georg V, Eduard VIII we Georg VI ulanypdy.Täze monogramma poçta gutularynda we döwlet neşirlerinde, harby we polisiýa formalarynda, resmi resminamalarda ulanylar.

Köne şifrler ýuwaş-ýuwaşdan çalşyrylar.

Ýene degişli makalalar

2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar
2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar
Gyrgyzystanly Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Slowakiýanyň premýer ministri wezipesinden çekildi
Karl III täç geýdirildi
Fransuz Polineziýasynda garaşsyzlygyň tarapdarlary ýeňiş gazandy
Raşid Rahymow Rubiniň baş tälimçisi boldy