Beýik Britaniýada patyşa Karl III keşbi şekillendirilen täze pul çykarylar

Beýik Britaniýada patyşa Karl III keşbi şekillendirilen täze pul çykarylar

Şu ýylyň iýunyndan başlap, Beýik Britaniýada täze kagyz pul çykarylyp başlanar, Angliýanyň Bankynyň habaryna görä, onda Patyşa Karl III şekillendiriler diýip, 24KZ ýazýar.

Patyşanyň portreti 5,10,20 we 50 funt sterling pullarda ýerleşdiriler. Pullaryň ilkinj tapgyry auksionda satylar, alnan serişdeler haýyr-sahawata bagyşlanar.

Şa zenan Ýelizaweta Ikinjiniň portreti ýerleşdirilen kagyz pullar hem dolanyşykda galdyrylar. Ýurtda Patyşa Karl III keşbi ýerleşdirilen şaýylyk pullar eýýäm dolanyşykda, olary mundan birnäçe aý öň zikkeläp başladylar.

Ýene degişli makalalar

Beýik Britaniýada täze şa şifri hödürlendi
Şa zenanyň öňki athanasy satuwa çykarylýar
Britanlar Şa zenany bilen hoşlaşdylar
Londonda Şa zenana ýadygärlik dikiler
Beýik Britaniýada Şa zenany II Ýelizawetanyň ýadygärligine bagyşlanyp hormatly dymyşlyk edildi
Güneşli söwda merkeziniň gurluşygy tamamlandy, Aşgabatda ýoga boýunça sapak geçirildi, türkmen paýtagtynyň teatrlary spektakllara çagyrýarlar