Şa zenanyň öňki athanasy satuwa çykarylýar

Birnäçe ýyl mundan ozal Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II-niň athanasyny satyn alan “Sauthempton” futbol toparynyň öňki futbolçysy Mik Çennon indi ony satmak kararyna geldi.

Maglumatlara görä, bu teblehana 25 gektar meýdany öz içine alýar. Çennon bu athanany satyp, ýedi million funt (486 million 360 müň rubl) gazanmakçy. Bu ýerde alty ýatylýan otag, iki kottej we 13 bungaloly ýaşaýyş jaýy bar. Şeýle-de, atlar üçin niýetlenen 35 otag bar.

Bu ýerde ýapyk meýdança, açyk lewada we atlary gezdirmek üçin niýetlenen meýdança bar.Athana 1982-nji ýyldan 90-njy ýyllaryň ahyryna çenli Beýik Britaniýanyň Şa zenanyna degişlidi. Ýatlap geçsek 19-njy sentýabrda Ýelizaweta II-iň jaýlanyş çäresi geçirildi.

Hoşlaşyk matamyna şa maşgalasynyň agzalary, beýleki ýurtlardan gelen syýasatçylar, monarhlar we jemgyýetçilik işgärleri gatnaşdy. Ýurtda 70 ýyldan gowrak wagt bäri höküm süren Şa zenan 8-nji sentýabrda 96 ýaşynda aradan çykdy.

Ýene degişli makalalar

Beýik Britaniýada patyşa Karl III keşbi şekillendirilen täze pul çykarylar
Paýhaslar
Beýik Britaniýada täze şa şifri hödürlendi
Britanlar Şa zenany bilen hoşlaşdylar
Londonda Şa zenana ýadygärlik dikiler
Beýik Britaniýada Şa zenany II Ýelizawetanyň ýadygärligine bagyşlanyp hormatly dymyşlyk edildi