Raşid Meredow bilen Gazagystanyň ilçisi VI Hazar Sammitine taýýarlyga garady

Raşid Meredow bilen Gazagystanyň ilçisi VI Hazar Sammitine taýýarlyga garady

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň duşenbe güni Gazagystanyň Türkmenistana täze bellenen ilçisi Askar Tažibaýew bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda taraplar şu ýyl Türkmenistanda VI Hazar Sammitiniň geçirilmegi bilen bagly meselelere seredip geçdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda R.Meredow Gazagystanyň ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady. Iki ýurduň arasyndaky özara hereketleri pugtalandyrmagyň meseleleri, şeýle-de ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Abraýly sebit hem-de halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi, şonuň ýaly-da halkara ähmiýetli başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň derwaýyslygy nygtaldy.

Şu nukdaýnazardan, taraplar ikitaraplaýyn saparlar görnüşinde, şeýle-de köptaraplaýyn düzümleriň formatynda ýokary derejedäki duşuşyklaryň guralmagynyň zerurlygyny beýan etdiler.

Duşuşygyň çäklerinde, ilçi Askar Tažibaýew Türkmenistanyň Daşary işler ministrine ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy hem-de özüniň Türkmenistandaky diplomatik wezipesini amala aşyrýan döwründe türkmen-gazak gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglandy
Ne gol geçirýär, ne-de gol geçirdýär 4 duşuşygy hem golsuz tamamlandy
Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Türkmenistandaky täze ilçisi bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Gazagystanyň Ilçisiniň Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy geçirildi
Gazagystanyň ilçisiniň Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy geçirildi