
Gladiator filminiň aktýory Rassel Krou we Italiýanyň medeniýet ministri gadymy Kolizeý taryhy ýadygärliginde ilkinji liftiň açylyşyna gatnaşdy diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Surat: elevatorscenestudio.com
Gadymy Rimiň binagärlik ýadygärliginde aýnadan edilen lift oturdyldy, onuň içinden daş-töweregi synlamak bolýar. Lift şeýle hem Kolizeýe gelýän jahankeşdeleri 100 sany dik basgançaklary pyýada geçmekden halas eder.
Ýeri gelende aýtsak, gadymy sahna söweşijileri — gladiatorlar baradaky filmleri Kolzeýde surata düşürmeýärler. 2000-nji ýylda aktýor Rassel Krounyň surata düşen Gladiator filmi Tunisdäki El-Jemedäki amfiteatrda surata düşürildi.