Regionlarda çörek gytaldy, prezident söwda ministrini çalyşdy

Regionlarda çörek gytaldy, prezident söwda ministrini çalyşdy

4-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň permany bilen söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Amandurdy Işanow “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” wezipesinden boşadyldy.Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine Orazmyrat Gurbannazarow bellenildi.

Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerinden boşadyldy.Bu habaryň yzýany turkmen.news neşiri biri birinden habarsyz Aşgabatdaky iki çeşmesine salgylanyp, wezipesinden boşadylan öňki söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Amandurdy Işanowyň 4-nji sentýabrda saklanandygyny habar berýär. Öňki emeldara bildirilýän aýyplamalaryň jikme-jikligi nämälim bolmagynda galýar.

Türkmenistanda ýokary derejeli söwda resmileriniň çalşylmagy, ýurtda dowam edýän azyk üpjünçiligi bilen bagly problemalaryň ýitileşýän wagtyna gabat gelýär.Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary we çeşmeleri Türkmenistanyň dürli regionlarynda unuň we çöregiň döwlet dükanlaryndaky gytçylygy, olaryň hususy söwdadaky gymmatçylygy barada habar berýärler. “Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän döwlete degişli azyk dükanlarynda bir hepde bäri çörek satylmaýar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde çykyş edýän balkanly habarçymyz 5-nji sentýabrda ýurt içinden habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, şäheriň döwlet eýeçiligindäki azyk dükanlarynyň öňünde çörek we un satyn almaga baran ençeme adamly nobatlary görse bolýar. “Dükançylar nobata garaşýan adamlara çöregiň we unuň şu hepdäniň dowamynda elýeterli boljakdygyny aýdýarlar” diýip, habarçy maglumatynyň üstüni ýetirdi.

Mary welaýatynyň käbir etraplaryndaky döwlet azyk dükanlarynda-da unuň ýetmezçiligi ýitileşýär. 4-nji sentýabrda Azatlygyň Marydaky habarçylarynyň biri welaýatyň Wekilbazar, Oguzhan, Mary we Baýramaly etraplarynda ýerleşýän döwlet dükanlarynda ýerli unuň ýokdugyny habar berdi.

Habarçy Oguzhan etrabynyň ýaşaýjylarynyň ençemesine salgylanyp, mundan birnäçe gün ozal etrabyň döwlet dükanyna 50 halta çemesi unuň gelendigini, şonda ony satyn almak üçin adamlaryň arasynda uruş-dawanyň, depeleşigiň hem bolandygyny belledi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, Marynyň döwlet dükanlarynda unuň 50 kilogramlyk haltasynyň bahasy 120 manat.Bu hususy söwdada 250 manada çenli çykýar.Marydaky habarçy etraplaryň döwlet dükanlarynda çöregiň elýeterli däldigini, ony şäher merkezlerindäki hökümete degişli dükanlardan her ele 2-den satyn almaga mümkinçilikleriniň bardygyny habar berdi.

Mary welaýatyndaky hususy söwda nokatlarynda daşary ýurtlardan import edilen unuň 1 kilogramy 10 manatdan, çörekler ýukasy 3 manatdan, galyňy 5 manatdan satylýar.Un we çörek üpjünçiligi bilen bagly ýagdaýlar Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde-de kadaly däl. “1-nji sentýabrdan başlap Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherinde ýerli un söwda tekjelerinden ýitirim boldy” diýip, turkmen.news neşiri habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy 30-njy awgustda Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde 50 kilogramlyk unuň bahasynyň hususy söwdada 200 manada ýetendigini habar berdi.Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar serişdeleri ýurtda dowam edýän un we çörek gytçylygy barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Korrupsiýa boýunça halkara hasabatda Türkmenistan regionda iň yzdaky orny eýeledi
Aşgabadyň, Ahalyň we Balkanyň un bilen üpjünçiligi ilkinji orunda tutulýar’
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Görnükli gündogarşynasyň türkmenler barada gündeliginde galdyran ýatlamalary
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabyna täze häkim bellenildi
Türkmenistanyň Prezidenti täze ýolbaşçylary wezipä belledi