Resmi habarlar

Resmi habarlar

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendikleri, söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandyklary üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, çeken halal we göreldeli zähmetini hem-de döwletiň, jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle-de Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy.

* * *

Mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Garaşsyz Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny, jemgyýetimizde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Oraza baýramy 10-njy aprelde belleniler
3 aýyň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
4-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Resmi habar
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Resmi habar