Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annamuhammet Ilamanow saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň döwlet sirkiniň baş direktory wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Hojakulyýewiç Gurbangulyýew Türkmenistanyň döwlet sirkiniň baş direktory wezipesine bellenildi. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçirilýän özgertmeleriň many-mazmunyny wagyz etmek, Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri dünýä ýaýmak, şeýle hem gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda: