RF DIM-niň başlygy S.Lawrow şu ýylda Kaspiniň durumynyň kesgitlendjekdigini aýdýar

RF-nyň daşary işler ministliginiň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow 15-nji martda, “Orsýet mümkinçilikler ýurdy” atly forumda çykyş edip, Kaspi deňziniň durumy baradaky Konwensiýa şu ýyl, Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň Gazagystanda geçiriljek bäşinji sammitinde gol çekiljekdigine ynam bildirdi. Bu barada ТАСС habar berýär.

Astrahanda geçirilen dördünji Kaspi sammitinde Kaspiniň durumy boýunça mundan aňryk edilmeli işleriň esasy ugurlary ylalaşyldy. Ministr şeýle diýdi: “Uly ynam bilen aýdyp bilerin, Konwensiýa şu ýyl, Gazagystanda geçiriljek bäşinji sammitde gol çekiler”.

Lawrow Orsýetiň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň Konwensiýanyň ähli maddasy boýunça ylalaşyga gelendigini we gatnaşyjy döwletleriň dillerindäki tekstiň deňeşdirilýändigini belledi.

Belleýäris, mundan öň Sergeý Lawrowyň orunbasary Grigoriý Karasin hem Kaspiniň hukuk durumy baradaky Konwensiýanyň umuman ylalaşylandygyny habar berdi. Emma, diplomat seresaplylyk bilen: “Ýokary derejedäki duşuşyklaryň geçjek wagtynyň golaýlaşmagy bilen goşmaça ylalaşylmaly boljak haýsydyr bir nýuanslaryň peýda bolmagy hem mümkin” diýdi.

Mundanam başga, Karasiniň sözlerine görä, Konwensiýa ýüze çykýan meseleleriň ählisini çözmez. Ol Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky ylalaşyklar üçin zerur bolan çäkleri döreder.

Türkmenistan barada aýdylanda, Konwensiýanyň kabul edilmegi Türkmenistandan Azerbaýjana çekilmeli we TANAP geçirijisine birikdirilmeli transhazar gaz geçirijisini gurmak üçin gepleşik geçirmäge esas döreder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Russiýanyň daşary işler ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
Afrikada 95:0 we 91:1 hasap bilen tamamlanan futbol duşuşyklary derňew edilip başlandy
“Artemida-1” missiýasynyň Aýa uçurylyşy tehniki näsazlyk sebäpli yza süýşürildi
Ýarym asyrdan soňra Aýa syýahat göz öňünde tutulýar
TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ ÝANYNDAKY HEMIŞELIK WEKILI SLOWENIÝANYŇ DIM-NIŇ DÖWLET SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
Germaniýa Ukraina Iris-T SLM kysymly howa goranyş ulgamlaryny berdi
NATO-nyň Baş sekretary Russsiýa-Ukraina söweşi barada beýannama berdi