RF-niň IIM-niň Türkmenistandaky wekilýeti kabul edişlige deslapky ýazgy üçin täze kada girizdi

RF-niň IIM-niň Türkmenistandaky wekilýeti kabul edişlige deslapky ýazgy üçin täze kada girizdi

Russiýanyň IIM-niň Türkmenistandaky wekilýeti kabul edişlige deslapky ýazgy üçin täze kada girizdi. Bu baradaky yglan RF-niň Aşgabatdaky ilçihanasynyň resmi saýtynda çap edildi.

11-nji awgustdan kabul edişlige öňünden ýazylmak ulgamynda bellik etdirmek, şeýlede Russiýanyň IIM-niň Türkmenistandaky wekilýetiniň kabul edişligi üçin ähli arzalar RF-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynyň konsulhana bölüminde ýerleşdirilen çelgä ýa-da deslapky ýazylmak saýtynyň göni çelgisine geçmek arkaly amala aşyrylar.

Şol sahypa giren arzaçy şu bölümleriň birini seçmeli:

-Bellik etdirmek/Hususy adamlar üçin giriş

-Ýazgynyň durumuny barlamak

-Ýazgyny ýatyrmak

Mundan soňra ýurdy seçmeli:Türkmenistan, Edara: RF-niň IIM-niň Türkmenistandaky wekilýeti.

Ýazgy etdirmek bölüminde bellikden soňra hyzmat bilen şu çelgiden gatnaşyga girmek mümkin.

Kabul edişlige deslapky ýazgy barada kadalar bilen RF-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtyndan jikme-jik tanyşmak mümkin. The post RF-niň IIM-niň Türkmenistandaky wekilýeti kabul edişlige deslapky ýazgy üçin täze kada girizdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Ahal we Merw ýeňiş bilen başlady, Altyn asyr Şagadamdan ýeňildi — Ýokary liganyň birinji tapgyrynyň jemleri
Balkanabatda, Türkmenbaşyda ýazgyda durmadyk sürüjiler işden kowulýar
Türkmenistanyň ýygyndysy Eýrandan kiçi hasap bilen ýeňildi
Ärdogan Bagdatda Yragyň Prezidenti bilen duşuşdy
Britanlar Şa zenany bilen hoşlaşdylar
Talyplar TOPH gaz geçirijiniň howpsuzlygyny üpjün etmek meýilnamalary we gazyň bahasyny maslahatlaşmak üçin Türkmenistana sapary barada gürrüň berdiler