RF-nyň DIM-niň başlygy Boris Şyhmyradowly ýagdaýa düşündiriş berdi (wideo)

“Гундогар” habar saýtynyň maglumatyna görä, 2017-nji ýylyň 7-8-nji dekabrynda Wenada ÝHHG-nyň gatnaşyjy döwletleriniň Ministrler geňeşi geçirildi. Maslahatyň jemleri boýunça gurnalan metbugat ýygnagynda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa Türkmenistandaky rus raýatlarynyň hukuklarynyň bozulyşy barada sorag berildi.

“Turkmen Yurt TV” neşiriniň wekili Diana Serebrýannik ministr Lawrowdan Orsýetiň golaýda ýitirim bolan Galina Kuçerenkonyň we Türkemneistanyň DIM-giniň ozalky başlygy, eýýäm 15 ýyl bäri hiç bir habar berilmedik Boris Şyhmyradowyň ykbalyna gatyşmak mümkinçiligi barada sorady.

D. Serebraýnnik: Türkmenistanda rus raýatlarynyň hukuklary bozulýar , olar ýanalýar, hususan-da düýn jandarlary goraýjy aktiwist Galina Kuçerenko ýitirim boldy. Orsýet onuň ykbaly barada maglumat alyp bilermi, şeýle-de, Türkmenistanda ýiten rus raýatlarynyň, hususan-da ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň ykbaly barada maglumat alyp bilermi?

S.W.Lawrow: С.В.Лавров: B.Şyhmyradow diňe Orsýetiň raýaty däl.Eýsem, ol Türkmenistanyň hem raýaty.Haçanda goşa raýatlygy bolan adam kanun ýa-da kanuny goraýjylar bilen haýsydyr bir gapma-garşylyga uçranda, umumy kabul edilen alternatiwasyz praktikada nazarda tutulmagyna görä, onuň işine kanun boýunça häzir onuň ýerleşýän ýurdunda seredilýär.

Emma muňa garamazdan, rus raýatlary bilen bagly haýsydyr bir kyn ýagdaý dörände hemişe edişimiz ýaly, biz Türkmenistanyň öňki häkimiýetlerinden onuň ykbaly barada soradyk.

Men düýn ýitirim bolan zenan barada hiç zat bilmeýärdim. Emma, biz özümize mälim bolan ýagdaýynda, Orsýetiň islendik raýaty bilen bagly hadysany dünýäniň islendik ýurdunda, hala Türkmenistan bolsun, hala-da ABŞ, ýewropa, aziýa ýa-da afrika döwletleri, bir gyrada goýmaýarys.

Hadysalar hemme ýerde bolýar.Häzir, gynansak-da, açyklyk we bütin dünýä boýunça syýahat etmek mümkinçiligi zerarly, raýatlaryň seresaplylygy peselýär.Eger men dogry düşünen bolsam, ol zenan hökümete degişli bolmadyk toparda jandarlary goramak bilen meşgullanýar?

Men öz kärdeşlerimden özüme ol barada degişli maglumatlary bermeklerini soraryn.Soňra biz öz türkmen kärdeşlerimizden, eger olar bilýän bolsa, onuň ykbaly barada maglumat almak mümkinçiligini sorarys.

Ýene degişli makalalar

Sanjar wakasy' 18 ýaşady: Synçylar halk, häkimiýet arasyndaky ynamsyzlygyň 'has çuňlaşandygyny' aýdýarlar
Garaşsyz neşir Boris Şyhmyradowyň 'kitabynyň' birden satuwa çykandygyny habar berýär
Aşgabatda ýene-de B.Şyhmyradowyň Nyýazowa kast etmäge synanyşyk baradaky kitaby görkezildi
Moskwa goşa raýatlar boýunça Aşgabadyň kararyna garaşýar S.Lawrow
Türkmenistan güýç gurluşlaryna gözegçiligi güýçlendirýär, MHM-niň öňki başlygy wise-premýer boldy
04.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda