Robotlar öňümizdäki 10 ýylyň içinde öý işleriniň 39 göterimini ýerine ýetirer

Robotlar öňümizdäki 10 ýylyň içinde öý işleriniň 39 göterimini ýerine ýetirer

Beýik Britaniýadaky Oksford uniwersitedi bilen Ýaponiýadaky Ochanomizu uniwersitediniň ylmy işgärleri tarapyndan geçirilen ylmy-derňewlere görä Robotlar öňümizdäki 10 ýylyň içinde öý işleriniň 39 göterimini ýerine ýetirer.

TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri. Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda bolsa “Robotlar öňümizdäki 10 ýylyň içinde öý işleriniň 39 göterimini ýerine ýetirer. Hünärmenler awtomatlaşdyrmagyň iň köp täsir ýetirjek pudagynyň market boljakdygyny çak edýärler” atly temanyň üstünde durup geçmek isleýäris.

Beýik Britaniýadaky Oksford uniwersitedi bilen Ýaponiýadaky Ochanomizu uniwersitediniň ylmy işgärleri tarapyndan geçirilen ylmy-derňewlere görä robotlar öňümizdäki 10 ýylyň içinde öý işleriniň 39 göterimini ýerine ýetirer.

Iki uniwersitediň ylmy işgärleri 65 aýry emeli intellekt (AI) hünärmeninden öňümizdäki 10 ýylyň içinde öý işlerinde awtomatlaşdyrylan güýjüň nähili ýagdaýda üýtgejekdigi bilen bagly garaýyşlaryny soradylar. Ylmy derňewe 29-y Beýik Britaniýadan, 36-sy bolsa Ýaponiýadan bolan emeli intellekt hünärmenleri gatnaşdylar.

PLOS One žurnalynda çap edilen ylmy-derňewde Hünärmenler awtomatlaşdyrmagyň iň köp täsir ýetirjek pudagynyň market boljakdygyny çak edýärler.

Ýaşlara we garrylara ideg etmek pudagy bolsa emeli intellekt tehnologiýalarynyň iň az täsir ýetirjek ugry bolar.

Söwda üçin sarp edilen wagt 60% azalar

Hünärmenler iňlis erkek hünärmenleriň zenan kärdeşlerine garanyňda öý işlerindäki awtomatlaşdyrmak meselesine has oňyn garaýandygyny, şol ýagdaýyň Ýaponiýada bolsa tersinedigini beýan edýärler.

Oksford uniwersitetinde aspirantura derejesinden soň ylmy işgär bolup işlemäge galan Dr. Lulu Şi: “Çagalara bilim bermek, olar bilen gyzyklanmak ýaly işleriň, ýagny umumy ideg işleriniň diňe 28 göteriminiň awtomatlaşdyrylyp bilinjekdigi çak edilýär” diýip habar berdi.

Beýleki tarapdan hünärmeler tehnologiýanyň market söwdasy üçin sarp edilýän wagty 60 göterim derejesinde azaltjakdygyny pikir edýärler.

Emma robotlaryň adamlary 10 ýylyň içinde öý işlerinden azat etjekdigi bilen bagly çaklamalar täze däl.

Beýik Britaniýada erkekler işe ýarawlylyk döwründäki erkekleriň takmynan ýarsy öý işlerini işe ýarawlylyk döwründäki zenanlar ýaly ýerine ýetirýär. Ýaponiýada bolsa erkekler 1/5 derejesinde zenanlardan has az iş edýär.

Oksford uniwersitetinde emeli intellekt we jemgyýet ugrunda işler amala aşyrýan we şol bir wagtda ylmy işiň ýazyjylarynyň biri bolan Dos.Dr. Ýekaterina Hertog, öý işleriniň zenanlaryň egnindäki proporsional däl ýüküniň zenanlaryň gazanjyna, maýalaryna we pensiýalaryna oňaýsyz täsir ýetirýändigini aýdýar.

Şol sebäpli ylmy barlagçylar artýan awtomatlaşdyryş işleriniň has köp gender deňligine eltjekdigini aýdýarlar.

Çeşme: TRT Haber.

Eziz ildeşler, Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda bolsa “Robotlar öňümizdäki 10 ýylyň içinde öý işleriniň 39 göterimini ýerine ýetirer. Hünärmenler awtomatlaşdyrmagyň iň köp täsir ýetirjek pudagynyň market boljakdygyny çak edýärler” atly temanyň üstünde durup geçdik.

Ýene degişli makalalar

Durnuklylyk uniwersitetleriň bäsdeşlik ugurlarynyň birine öwrülýär
Howanyň üýtgemegi sebäpli dünýädäki her 12 hassahananyň biri ýapylmak howpunyň astyndadyr
Emeli intellekt tarapyndan goldanýan täze sungat hereketi: Ganizm
Edilmeli işleri yza süýşürmek ýönekeý bir ýaltalykmy ýa-da özboluşly keselmi?
ChatGPT: Kömekçimi ýa-da howpmy?
Ýüzlerçe alym gol ýygnady: Emeli intellekti duruzyň