Rönesans Holding kompaniýasynyň prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hat ýollady

Rönesans Holding kompaniýasynyň prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hat ýollady

Rönesans Holding kompaniýasynyň prezidenti Erman Ylyjak Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hyzmatdaşlyk üçin hoşallyk bildirip, hat ýollady. Hatda şeýle diýilýär:

Rönesans Holding A.Ş. kompaniýasynyň adyndan we öz adymdan Diwan myhmanhanasynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde mähirli kabul edendigiňiz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Şol taslama boýunça Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolmak kompaniýamyz üçin uly hormatdyr we biziň goşandymyzyň türkmen paýtagtynyň gözelligini we ajaýyplygyny has-da artdyrjakdygyna umyt edýärin.

Şeýle hem Siziň ylmy işiňiziň — Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň 12-nji kitabyny sowgat berendigiňiz üçin aýratyn hoşallygymy beýan etmek isleýärin.

Size berk jan saglyk, ruhubelentlik, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň Rönesans Holding kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
19-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Gurbanguly Berdimuhamedow türk Liderini sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy
Milli Liderimiziň türkiýeli işewürler bilen duşuşygy
Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk” we “Rönesans” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Antalýa iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi