
Häzirki zaman şäher durmuşynda oňaýly we ýokary hilli aýakgap örän wajyp zatlaryň biri. Işiň we okuwyň, şeýle hem dynç alşyň rahatlygy-da şoňa bagly. Iň bir uly türkmen aýakgap öndürijileriniň biri bolan Röwşen hususy kärhanasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna Rosemary by Röwşen haryt nyşanly gündelik geýmäge niýetlenen hakyky deri aýakgaplaryny hödürleýär.
Röwşen dükanlarynyň tekjelerinde zenan aýakgaplarynyň şular ýaly iň meşhur nusgalaryny tapyp bilersiňiz: kiçi kadaly ökjeli bosonožkalar we klassik gaýyjak görnüşli aýakgaplar, tomus üçin amatly bolan sandallar, şeýle hem oňaýly loferler we ýumşak taýmaýan ökjeli sliponlar.
Rosemary by Röwşen brendiniň zenan aýakgaplarynyň ähli görnüşlerini islendik gündelik geýimler — uzyn milli köýnek, sport geýimi, kostýum, jins we ş.m. geýmek bolýar.
Zenan aýakgaplarynyň önümçiliginde Röwşen kärhanasy ýokary hilli hakyky derini, dokma we beýleki materiallary ulanýar. Rosemary by Röwşen köwüşlerini rahatlygy, çydamlylygy we elýeterli bahalary tapawutlandyrýar.
Aşgabatdaky Röwşen dükanlarynyň ýerleşýän salgylary:
Sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Türkmenistanyň beýleki şäherlerindäki Röwşen dükanlarynyň salgylary:
Şeýle-de okaň: