Rolan Garros — 2023: zenanlaryň arasynda ilkinji sensasiýa hasaba alyndy

Rolan Garros — 2023: zenanlaryň arasynda ilkinji sensasiýa hasaba alyndy

Şu günler Fransiýanyň Pariž şäherinde tennis boýunça dört sany uly tuwulga ýaryşynyň biri bolan Rolan Garros dowam edýär.

Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda eýýäm birinji tapgyrda garaşylmadyk netije hasaba alyndy. Has takygy, WTA reýtinginde ilkinji onluga girýän gresiýaly Mariýa Sakkari (dünýäniň sekizinji raketkasy) özüniň ilkinji duşuşygynda çehiýaly Karolina Muhowadan ýeňlip, turniri terk etdi. Duşuşyk 6/7(5), 5/7 hasabynda çehiýaly tennisçiniň peýdasyna tamamlandy.

Şeýlelikde, bu iki tennisçiniň özara oýunlarynda hem Muhowa hasaby artdyrdy (2:0). Indi ol Rolan Garrosyň ikinji tapgyrynda argentinaly Nadýa Podoroşka bilen güýç synanyşar.

Ýene degişli makalalar

Rolan Garros — 2023: zenanlaryň arasynda ilkinji onlugyň üçünji wekili ýaryşdan çykdy
Rolan Garros: ýarym finaldaky ilkinji braziliýaly tennisçi boldy
Jokowiç “Uly tuwulgalaryň” hökümdary
Rolan Garros — 2023: Swýontek ýene çempion
Barbora Kreýçikowa "Roland Garros"-da ýeňiji boldy
Swýontek Sinsinatidäki ýörüşini bes etdi