Rolan Garros — 2023: Swýontek ýene çempion

Rolan Garros — 2023: Swýontek ýene çempion

Dünýäniň birinji raketkasy polşaly Iga Swýontek Rolan Garros — 2023-iň ýekelikdäki bäsleşiginiň çempiony boldy.Ol finalda çehiýaly Karolina Muhowany üç setde — 6/2, 5/7, 6/4 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, Iga Swýontek soňky 16 ýyllykda Rolan Garrosda çempionlyk titulyny gorap bilen ilkinji tennisçi boldy.

Ol geçen ýyl hem bu ýaryşda çempion bolmagy başarypdy.Mundan ozal belgiýaly tennisçi Jýustin Enen 2005-2007-nji ýyllar aralygynda bassyr üç gezek çempion bolupdy.

Ýeri gelende bellesek, bu ýeňiş Iga Swýontek üçin uly tuwulgalaryň finallaryndaky dördünji üstünlikdir. Onuň hasabynda Rolan Garrosda gazanylan üç çempionlyk (2020, 2022, 2023) we US Opende gazanylan bir çempionlyk (2022) bar.

Ýene degişli makalalar

Rolan Garros — 2023: zenanlaryň arasynda ilkinji sensasiýa hasaba alyndy
Rolan Garros — 2023: zenanlaryň arasynda ilkinji onlugyň üçünji wekili ýaryşdan çykdy
Jokowiç “Uly tuwulgalaryň” hökümdary
Rolan Garros: ýarym finaldaky ilkinji braziliýaly tennisçi boldy
Rimdäki 10-njy kubogy
Dördüsinde azyndan iki çempionlyk gazanan ilkinji tennisçi