Rimdäki 10-njy kubogy

Italiýanyň paýtagty Rimde geçirilen “Italiýa Açyk” “Masters” tennis ýaryşynda Rafael Nadal çempion boldy.Ispaniýaly tennisçi 2 sagat 49 minutlap dowam eden finalda serbiýaly Nowak Jokowiçi 7:5, 1:6 we 6:3 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Bu ýeňiş Nadalyň Rimdäki 10-njy çempionlygy boldy. 13-nji finalynda 10-njy çempionlygyny gazanan Nadal 11-nji gezek finala çykyp, şolaryň 5-sinde kubogy eýelän Jokowiçi 57-nji duşuşygynda 28-nji gezek ýeňdi. “Italiýa Açyk” Nadalyň iň köp çempionlyk gazanan 4-nji ýaryşy bolup, ol “Rolan Garrosda” (Fransiýa Açyk) 13, Barselonada 12, Monte Karloda 11 gezek çempionlyk kubogyny eýeläpdi.

Ýene degişli makalalar

Rolan Garrosdaky ýarym finallara Nadal bilen Zwerew başlap berer
Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Rolan Garros finaly boýunça Nadalyň bäsdeşi belli boldy
Rafael Nadal 14-nji gezek Roland Garros-da ýeňiş gazandy
Nadal ― Ruud duşuşygy dünýäniň meşhur şahsyýetlerini özüne çekdi
Rolan Garros Nadalyň 14-nji çempionlygy bilen tamamlandy
Rolan Garrosdaky üstünlikli çykyş Nadaly dördünji, Ruudy altynjy orna göterdi