Ronaldonyň yzarlaýyjylarynyň sany ýarym milliarddan geçdi

Dünýä futbolynyň super ýyldyzy Kristiano Ronaldo Instagram 500 million yzarlaýyja ýeten ilkinji şahsyýet boldy.Soňky wagtlarda “The Sun” gazetine beren beýanaty bilen köpleriň üns merkezinde bolan Ronaldonyň dünýäniň iň meşhur sosial media ulgamlarynyň biri hasaplanýan Instagramdaky yzarlaýyjylarynyň sany 500 milliona ýetdi.

Ol 569 million yzarlaýyjysy bolan Instagramyň öz resmi hasabyndan soň iň köp yzarlaýyjyly 2-nji hasap hökmünde hasaba alyndy.Ol adamlaryň arasynda ýarym milliard yzarlaýyja ýeten ilkinji şahsyýet bolup, ondan soň Lionel Messi 376 million yzarlaýyjy bilen 2-nji ýeri eýeleýär.

Fotomodel Kaýl Jenneriň 372, aýdymçy Selena Gomesiň 357, aktýor Dweýn Jonsonyň 348 million yzarlaýyjysy bar.

Ýene degişli makalalar

Messiniň suraty “instagram”-da rekord goýdy
200 milliondan geçen 4-nji şahsyýet
“NBA All Star” şüweleňi
Supermeniň iti, Betmeniň tazysy, Wonder Women-iň kengrusy, Fleşiň pyşbagasy…
“Forsaž” filmleri 11-nji kinodan soň tamamlanar
Ýylyň iň köp girdeji gazanan aktýorlary