Ronaldumy ýa-da de Ligt? — Ýuwentus çykgynsyz ýagdaýda

Ronaldumy ýa-da de Ligt? — Ýuwentus çykgynsyz ýagdaýda

Ýuwentusyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu klub bilen täze şertnama baglaşmak isleýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, ol turin toparynda özüni rahat duýýar we şertnamanyň möhletiniň ýene bir möwsüm uzaldylmagyny soraýar. Muňa garamazdan, klubuň ýolbaşçylygy oňa teklip etmäge howlukmaýar diýip, matchtv.ru habar berýär.

Eger-de Kriştianu Turinde ýene bir-iki ýyl galsa, bu döwürde onuň bahasy ep-esli pese düşer. Şol bir wagtyň özünde Ronaldu “Ýuwentusda” uly aýlyk almagyny dowam etdirer.Klub ony maliýe çökgünligi döwründe saklap galmagyň maksadalaýykdygyna şübhelenýär.

Oýunçynyň ýylda 31 mln ýewro aýlygy hem koronawirus pandemiýasy sebäpli kynçylyklara sezewar bolýan klubuň maliýe ýagdaýyna düýpli täsir edýär.Ronaldunyň geljeginiň “Ýuwentusyň” goragçysy Matteýs De Ligtiň ykbalyna täsir edip biljekdigi bellenilýär.

Eger-de portugaliýaly oýunçy klubda galsa, “Ýuwentus” satuw üçin uly transfer etmäge mejbur bolar. 21 ýaşly gollandiýaly 100 mln ýewrodan gowrak girdeji getirip biljek ýeke-täk oýunçydyr.Ronaldunyň “Ýuwentus” bilen häzirki şertnamasynyň möhleti 2022-nji ýylda tamamlanýar.

De Ligtiň şertnamasy 2024-nji ýyla çenli niýetlenen.

Ýene degişli makalalar

Torino Ýuwentus bilen utuk paýlaşdy
Wan Gaal Niderlandlaryň düzümini äşgär etdi
Ýuwentus De Ligtiň öwezini doldy
Ýewro-2020: Çehiýa Niderlandlary utup, çärýek finala çykdy
Şikesli oýunçylarynyň sany 7-ä ýetdi
SPORT GYSGA SETIRLERDE