Ýewro-2020: Çehiýa Niderlandlary utup, çärýek finala çykdy

Ýewro-2020: Çehiýa Niderlandlary utup, çärýek finala çykdy

Ýewropa çempionaty - 2020-niň çäginde Çehiýa 1/8 final tapgyrynda Niderlandlardan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşyk Budapeştdäki Ferens Puşkaş stadionynda geçirildi.

Gollary 68-nji minutda Tomaş Goleş we 80-nji minutda Patrik Şik geçirdi. Şik dört goly bilen ýaryşyň bombardirleriniň sanawynda Kriştianu Ronaldudan (bäş gol) soňra ikinji orna çykdy.Oýnuň 55-nji minudynda russiýaly emin Sergeý Karasýow Niderlandlaryň goragçysy Matteýs de Ligti jerime meýdançasynyň golaýynda el bilen oýnandygy üçin gyzyl duýduryş berip oýundan çykardy. Çärýek finalda Çehiýa 3-nji iýulda Bakuda Daniýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar.

Ýene degişli makalalar

Wan Gaal Niderlandlaryň düzümini äşgär etdi
Ýuwentus De Ligtiň öwezini doldy
Torino Ýuwentus bilen utuk paýlaşdy
Ronaldumy ýa-da de Ligt? — Ýuwentus çykgynsyz ýagdaýda
Şikesli oýunçylarynyň sany 7-ä ýetdi
“Liwerpul” çärýek finalyň bosagasynda