Rowachpack polipropilen haltalary obasenagat toplumynda uly islegden peýdalanýar

Rowachpack polipropilen haltalary obasenagat toplumynda uly islegden peýdalanýar

Rowachlan Galkynysh eksport ugurly hususy kärhanasy Rowachpack haryt nyşany bilen polipropilen gaplama önümlerini öndürýär, bu önümler dürli pudaklarda, şol sanda oba hojalygynda hem uly islegden peýdalanýarlar.

Haltalar we torbalar oba hojalyk önümleri üçin amatly hem-de köpugurly gaplama harytlarydyr. Obasenagat toplumynyň kärhanalary polipropilen haltalary hasyl döwründe, hususan-da däne ekinleriniň hasyly ýygnalanda has işjeň ulanýarlar. Şeýle hem olarda galla önümlerini, dürli tohumlary, gök önümleri we miweleri saklaýarlar, mineral dökünleri satyn alýarlar. Polipropilen matanyň dem alýandygy sebäpli, dökünler PP haltalarynda birnäçe ýyllap saklanyp bilner.

Rowachpack haltalary diňe bir dürli oba hojalyk önümlerini, iýmleri, dökünleri saklamak, gaplamak we üýşürmek üçin däl, eýsem, olary daşamak üçin hem amatlydyr. Uly göwrümli önümler üçin ýokary berkligi we ýük göterijilik ukyby bilen tapawutlanýan big-begler (uly haltalar) niýetlenendir. Olaryň gurluşynda ýüklemekde we daşamakda ulanylýan götermek üçin ýörite berkitmeler (tutawaç ýüp birden dörde çenli düwüni bolan) göz öňünde tutulandyr.

Oba hojalyk önümlerini öndürýän kompaniýalaryň we daýhanlaryň Rowachpack haryt nyşanly haltalary saýlamaklarynyň sebäbi ýokary berkligi, çyglylyga garşy durnuklylygy hem-de beýleki gorag aýratynlyklary bilen düşündirilýär. Şeýle hem olary ak reňkleri sebäpli tapawutlandyrmak aňsatdyr. Ak reňk bu görnüşli gaplaryň azyk önümlerini, mal iýmlerini we dökünleri saklamak üçin niýetlenendigini aňladýar.

Ak gaplama reňki haltalaryň ýüzüne goşmaça maglumatlary (logotipler, atlar we ş.m.) ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Rowachlan Galkynysh hususy kärhanasy ýakyn wagtda müşderiniň islegine laýyklykda, şeýle hyzmaty hem hödürläp başlar.

Häzirki wagtda kompaniýa önümleriniň eksportynyň möçberleriniň artmagynyň, şeýle hem polipropilen torbalary, tehniki we azyk haltalaryny, big-begleri (uly haltalary) öndürmek üçin häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze zawodyň gurulmagynyň hasabyna düzümini giňeldýär.

Rowachlan Galkynysh müşderilere harytlarynyň ýokary hilini we wagtynda eltilip berilmegini kepillendirýär.

Rowachlan Galkynysh HK-nyň wekilleri bilen: (+993 62) 29 29 69, (+993 12) 29 29 69 telefon belgilerine jaň etmek ýa-da rowachpack@gmail.com elektron poçta salgysyna ýazmak arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Eýran polipropilene 20% eksport paçlaryny salmagy meýilleşdirýär
Rowachlan Galkynysh köpugurly we tygşytly polipropilen ýeňlerini hödürleýär
Rowachpack kärhanasynyň polipropilenden taýýarlanýan önümleri halkara ülňülerine laýyk gelýär
Rowachlan Galkynysh hususy kärhanasy önümçiligini artdyrýar
Rowachlan Galkynysh göterijili ýokary hilli big-beg gaplaryny hödürleýär
Rowachlan Galkynysh polipropilen gaplaýyş önümleriniň eksportyny artdyrýar