Rumyniýada Premýer-ministr çalyşdy

Rumyniýada Premýer-ministr çalyşdy

Rumyniýanyň Sosial-demokratik partiýasynyň lideri Marçel Çolaku ýurduň Prezidenti Klaus Ýohannisiň permany esasynda hökümete ýolbaşçy bellendi diýip, Reuters habarlar gullugyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Çolakunyň Premýer-ministr wezipesine bellenmegi ýurduň Ministrler Kabinetiniň öňki başlygy, Milli liberal partiýanyň ýolbaşçysy Nikolae Çuke 12-nji iýunda iş başyndan gitmeginiň yzysüre boldy. Täze Hökümet Başlygy Ministrler Kabinetiniň düzümine üýtgetmeler girizmegi söz berdi, bu ugurdaky degişli çözgüt 15-nji iýunda Parlamentiň garamagyna berler.

Ýene degişli makalalar

Rumyniýada täze hökümet düzüldi
Zelenskiý hassahanada ýaralanan ukrain esgerler bilen duşuşyk geçirdi
Prezident Erdogan Ruminiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türkmen-rumyn gatnaşyklaryna 30 ýyl: Serdar Berdimuhamedow rumyniýaly kärdeşini gutlady
Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Türkmenistandaky täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi