Rumyniýada täze hökümet düzüldi

Rumyniýanyň parlamenti Sosial-demokratik partiýanyň başlygy Marçel Çolakunyň Premýer-ministr wezipesine dalaşgärligini goldap, täze hökümeti gurmaga ygtyýar berdi diýip, maslahata ýolbaşçylyk eden öňki Premýer-ministr Nikolae Çuke aýtdy.

Milli liberal partiýa, Sosial-demokratik partiýa we Wengrerleriň Rumyniýadaky Demokratik bileleşigi 2021-nji ýylyň noýabr aýynda parlamentde dolandyryjy koalisiýa döredip, özara ylalaşyk gazandylar. Şonda Milli liberal partiýadan bolan öňki goranmak ministri Nikolaý Çuka Premýer-ministri wezipesine bellenip, 12-nji iýunda işinden çekildi. Prezident Klaus Ýohannis bolsa, Marçel Çolakuny Premýer-minist wezipesine dalaşgär hökmünde hödürledi.

-Parlament Premýer-ministr Marçel Çolakunyň maksatnamasyna we hökümetiň düzümine ynam sesini berdi diýip, Nikolae Çuke belledi.

Täze hökümet 465 deputatyň 290-sy tarapyndan goldanyldy. Ýurtda hereket edýän kanunlara görä, Premýer-ministrlige dalaşgär, azyndan, 233 parlament agzasy tarapyndan goldanylmaly.

-Ýakyn wagtda siziň we ähli rumynlaryň isleglerini kanagatlandyrmaga tagalla ederin. Siziň goldawyňyz bolmazdan men muny başarmaryn – diýip, Marçel Çolaku ses berişlikden soň deputatlara aýtdy.

Çolakunyň hökümetinde 18 ministrlik bar. Hökümet maksatnamasy, Rumyniýanyň dikeldilmeginden döwrebaplaşdyryşa geçmäge gönükdirilendir. Ministrler Kabineti korrupsiýa, zähmet migrasiýasyna garşy göreşmegi, iň pes aýlyk hakynyň we pensiýanyň ýokarlanmagyny gazanmagy maksat edinýär.

Ýene degişli makalalar

Rumyniýada Premýer-ministr çalyşdy
Müsürde Prezident saýlawlary geçýär
Türkmeniň premýer-ministriniň orunbasary bitaraplyk syýasatynyň dowam etdirilmegini nygtady
Türkmenistanda geçiriljek irki prezident saýlawlary
Gyrgyzystanyň prezidenti Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň dowam etdirilmegine umyt bildirdi
Ştaýnmaýer Germaniýanyň prezidentligine ikinji möhlete saýlandy