Rus kagyz önümleri ýüklenen konteýner otlusy Türkmenistandan geçip, Hindistana barar

Rus kagyz önümleri ýüklenen konteýner otlusy Türkmenistandan geçip, Hindistana barar

Russiýanyň döwlet demirýollary (RŽD) AGPJ-niň golçur kompaniýasy bolan “RŽD Logistika” Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Karelia Respublikasyndan Hindistana kagyz önümleri bilen doldurylan konteýner otlusyny ugratdy. Bu barada RŽD-nyň çarşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berildi.

Konteýner otlusy Oktýabrskaýa demir ýolunyň Nigozero stansiýasyndan ugrap, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň üsti bilen Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Hindistanyň Çennaý portuna barar.

Bu ugur boýunça önümleriň bir görnüşiniň bu şekilde iberilmegi 2022-nji ýylda ilkinji gezek alnyp baryldy. 53 sany 40-futlyk konteýnerleri daşamak üçin “RŽD Biznes Aktiw” kompaniýasyna degişli bolan 32 sany 80-futlyk platformalar üpjün edildi.

“RŽD Biznes Aktiw” AGPJ-niň başlygynyň orunbasary Andreý Koçkiniň aýtmagyna görä, geçelgäniň gündogar ugry boýunça Türkmenistanyň Sarahs serhedinden Hindistana we Eýrana iberilýän ýük daşalmalaryny köpeltmek boýunça taslamanyň çäginde gepleşikler alnyp barylýar.

RŽD geçen hepde Gazagystanly, Türkmenistanly we Eýranly hyzmatdaşlary bilen bilelikde Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça konteýner daşamalaryna 2023-nji ýyl üçin ýeňillikli nyrhnamalary girizmek kararyna gelendigini mälim etdi.

Deslapky çaklamalara görä, 2025-nji ýyla çenli Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Russiýadan eksporta iberilýän önümleriň umumy mukdary ýylda 5 million tonnadan gowrak bolup biler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Brýusselde öz işine başlan maýa goýum forumyna gatnaşýar
“RŽD Logistika” Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça ýük daşamalarynyň nyrhnamalaryny peseltmegi meýilleşdirýär
Türkmenistan Hytaý söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär
RŽD Türkmenistana ýük daşamalarynyň mukdaryny 73% artdyrdy
Russiýa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden Owganystana we Eýrana däne eksport etmäge gyzyklanma bildirýär
RDÝ-niň wekili Moskwa Aşgabat ýolagçy gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdary
Aşgabat Awaza Aşgabat ugry boýunça petekleriň bahasy belli boldy