Rus kömüri Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana eltiler

Rus kömüri Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana eltiler

Rus kömüri ilkinji gezek Türkmenistanyň çägi arkaly Hindistana daşalar. Has takygy, Günbatar Sibirden (Kuzbass) kömür ýüklenen iki sany otly Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Hindistana ugradyldy.

Russiýanyň Demir Ýollarynyň habar bermegine görä, Kemerowo sebitinden ugran otlular Gazagystanyň we Türkmenistanyň üstünden geçip, Eýranyň Bender-Abbas portuna barar.

Türkmen-eýran serhedindäki Sarahs demir ýol bekedinde ýük Eýranyň demir ýollarynyň ülňülerine laýyk gelýän tigirli wagonlara gaýtadan ýükleniler. Maglumat üçin, Russiýanyň we Türkmenistanyň demir ýollarynda wagonlar 1520 millimetrlik, Eýranyň demir ýollarynda bolsa 1435 millimetrlik tigirlerde hereket edýärler.

Hersi 59 wagondan ybarat iki sany otlynyň Hindistana çenli geçjek ýoly 1,6 müň ilometre deň bolar diýlip, RÝD-niň habarynda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Artyk hem-de Sarahs gümrük nokatlarynyň durkuny täzelemek işleri başlandy
Aşgabatda Iran Agrofood ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Iran Agrofood atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergä we Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Iran Agrofood atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady
Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy
Türkmen-eýran söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada pikir alşyldy