Rus kosmos gämisi Aýyň ýüzüne gaçdy

11-nji awgustda Russiýanyň “Wostoçnyý” kosmodromyndan uçurylan “Luna-25” awtomatiki stansiýasynyň Aýa gonmak synanyşygy şowsuz tamamlandy. “Roskosmos” döwlet korporasiýasy kosmos enjamynyň 16-njy awgustda Aýyň orbitasyna girendigini mälim edipdi. 20-nji awgustda bolsa, “Luna-25” Aýyň ýüzüne ýumşak gonuşy amala aşyrmalydy. 21-nji awgustda bolsa dört aýakly, tigirsiz enjam işe girizilmelidi.

Netije beren ýagdaýynda “Luna-25” Aýyň günorta polýusyna gondurylan ilkinji kosmos enjamy bolmalydy. “Roskosmos” kosmos enjamy bilen aragatnaşygyň gonuşyň öň ýanynda ýitendigini we Aýyň ýüzüne urup, ýok bolandygyny mälim etdi.

Mundan ozal kosmos edarasy “Luna-25”-iň Aýyň orbitasynda waty kosmos gämisiniň kameralary arkaly alnan ilkinji suratlary ýaradypdy.

Aýyň şol böleginde gymmatly magdanyň hem-de doňan haldaky suwuň bardygy çaklanylýar.

Hindistanyň kosmos enjamy şu hepde gonar

Hindistan hem Aýa kosmos gämisini uçurypdy. 11-nji awgustda Aýyň günorta polýusyny öwrenmek maksady bilen işläp taýýarlan “Chandrayaan-3” atly kosmos gämisiniň Aýyň orbitasyna sag-aman girendigi mälim edilipdi. 14-nji iýulda uçurylan “Chandrayaan-3” atly kosmos enjamy Aýyň günorta polýusyna gondurylandan soňra 14 gün (bir Aý güni) işlediler. Kosmos gämisiniň 23-nji awgustda Ýeriň hemrasyna gondurylmagyna garaşylýar.

Hindistan 2008-nji ýylda “Chandrayaan-1” kosmos gämisini uçurypdy. 79 million dollarlyk taslamanyň çäklerindäki “Chandrayaan-1” Aýyň ýüzünde suwuň alamatlaryny tapypdy.

Russiýa Hindistandan birnäçe gün öň taryhy gonuşy amala aşyrmagy maksat edinýärdi. Russiýa (şol döwür Sowet Soýuzy) 1976-njy ýyldan bäri “Luna-25” bilen ilkinji syýahaty amala aşyrypdy.

Astronomlar Aýyň bize görünmeýän garaňky tarapynyň günorta polýusynyň demirgazygyna görä has uludygyny belleýärler.

Ýene degişli makalalar

“Luna-25” Aýyň orbitasyna girdi
Roskosmos edarasy Luna-25 enjamynyň hatardan çykandygyny habar berdi
Aýyň görünmeýän tarapynyň suratlaryny ugratdy
"Luna-25" maglumatlary işläp taýarlamaga başlady
Aýa taryhy gonuş golaýlaýar
Hindistanyň kosmos gämisi Aýyň orbitasyna ýerleşdi