Ruslan Mingazow näme üçin milli ýygynda çagyrylmady?

Ruslan Mingazow näme üçin milli ýygynda çagyrylmady?

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň CAFA ― 2023 üçin düzümi kesgitlenensoň, hemmeleri ilki bilen şu sowal gyzyklandyrdy. Okyjylarymyzyň gyzyklanmasyny göz öňünde tutup, Turkmenportal baş tälimçi Mergen Orazowa ýüzlendi:

― Häzirlikçe, Ruslan Mingazowyň Daşkende gidip bilmeýändigini aýdyp bilerin. Biz bu karara oýunçynyň özi we tälimçiler düzümimiz bilen maslahatlaşyp geldik. Oňa dynç almak we maşgalasy bulen wagt geçirmek üçin mümkinçilik berdik.

Bilşiňiz ýaly, Ruslan ýakynda ýene bir ajaýyp üstünligiň eýesi boldy ― Gonkongyň çempionatynyň geçen möwsüminde Iň gowy oýunçy diýlip ykrar edildi. Çempionat onuň üçin ýeňil bolmady. Biz oňa ynanýarys, geljekki duşuşyklarymyzda Ruslan hem öz ýeri bolar. Ýöne häzir oňa dynç almak gerek ― diýip, baş tälimçi habarçymyza jogap berdi.

Söhbetdeşligi dolulygyna şu salgydan okap bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
20-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag medaly bilen sylaglandy, Halkbank kartdan karta pul geçirmek hyzmatyny ýola goýdy, Burak Özçiwit Aşgabatda geçiriljek film festiwalyna gatnaşar we beýleki habarlar
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy BAE-niň çempiony bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi