Russiýa Federasiýasy Türkmenistandan ýörite uçar gatnawyny guraýar

Russiýa Federasiýasy Türkmenistandan ýörite uçar gatnawyny guraýar

2022-nji ýylyň 18-nji martynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ýene bir ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada ilçihananyň Telegram sahypasynda habar berilýär. Ýörite uçar gatnawy Türkmenistan awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetiriler.

Uçuş Aşgabat wagty bilen sagat 06:00-da ýerine ýetiriler.

Nobatdaky uçar gatnawy üçin awiapetekleriň satuwy 17-nji martda sagat 09:00-dan başlap Türkmenistan awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki hem-de welaýatlardaky bölümlerinde amala aşyrylar.

Egerde ýörite uçar gatnawy bilen Moskwa uçmakçy bolýan ýolagçylaryň soňky duralgasy Moskwa şäheri bolmadyk ýagdaýynda, onda olar S7 awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasyndan özlerine gerekli gatnaw boýunça awipetekleri satyn alyp bilerler. Habarlaşmak üçin şu aşakda görýän salgyňyza ýüz tutup bilersiňiz:

Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolynyň 174-nji jaýy. Telefon belgileri: +993 12 21-05-93 +993 64 03-37-03).

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guraýan nobatdaky ýörite uçuşy 40-njy, şu ýylyň mart aýynda bolsa amala aşyrýan üçünji ýörite uçuşydyr. Mundan ozal, ýörite uçar gatnawlaryny Russiýa Federasiýasynyň Sibir howa ýollary Türkmenabadyň halkara howa menzilinden alyp barýardy.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň Russiýa we beýleki ýurtlar bilen yzygiderli gatnawlarynyň dünýäde ýüze çykan güýçli koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda togtatdy.

Ýene degişli makalalar

Marynyň bankomatlarynda nagt pul tapdyrmaýar
Türkmenistanyň Prezidenti guşuçar belentlikden Aşgabatda gurulýan saglygy goraýyş desgalaryny synlady
Aşgabatda Güneşli atly Çagalar we ýetginjekler köşgüniň täze merkeziniň guruljak ýeri kesgitlendi
Aşgabat ýurdumyzyň ýüregi
Ikinji synanyşyk hem şowsuz boldy
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Bangkok ugry boýunça howa gatnawlaryny amala aşyrar
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Moskwa boýunça gatnawlaryny dowam etdirer